07.05.2026
1378
Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky medeniýet köprüleri: Aşgabatda filosof şahyr Rabindranat Tagory hormat bilen ýatladylar
7-nji maýda türkmen paýtagtyndaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda meşhur hindi şahyry we filosofy Rabindranat Tagoryň doglan gününiň 165 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri, jemgyýetçilik işgärler, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hindi dilini öwrenýän talyplar gatnaşdylar.
07.05.2026
2606
ÝB-niň Aşgabatdaky wekilhanasy media hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär
Aşgabatdaky «Bouygues Turkmen» okuw merkezinde aprel aýynyň 29-yndan maý aýynyň 6-syna çenli döwrebap kontent döretmek hem-de redaksiýa we döredijilik işinde öňdebaryjy sanly gurallary, şol sanda emeli aňy ulanmaga bagyşlanan birnäçe iş maslahaty geçirildi.
07.05.2026
3038
Ýaşlar üçin telekeçilik bilen bagly açyk sapak geçirildi
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýaş telekeçileriň we talyplaryň gatnaşmagynda açyk sapak geçirildi. Kadyrberdi Nurberdiýew öz tejribesine daýanyp, telekeçiligi guramakda diňe bir pikiriň däl, eýsem dogry gurluşyň hem möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.
07.05.2026
3377
1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan bu çäre Watan goragçylarynyň ýadygärligini hormat bilen ýatlamaga gelen tomaşaçylardan doly boldy. Hormatly weteranlarymyz dabaranyň esasy myhmanlaryna öwrüldiler.
06.05.2026
2583
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi.
06.05.2026
8519
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
06.05.2026
8639
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýakupgeldi Gurbannyýazowiç Kasymow Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Ýaşlyk” teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.
06.05.2026
2516
Ýeňiş gününiň hormatyna
Şu günler 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzda dabaraly çäreler, maslahatlar, sergiler geçirilýär.
06.05.2026
2302
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara ulag forumynyň her ýylky sammitine
2026-njy ýylyň 6–8-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Germaniýanyň Leýpsig şäherinde geçirilýän Halkara ulag forumynyň (ITF) her ýylky sammitine gatnaşýar.
06.05.2026
3266
Zaha Hadid Architects global dizaýn garaýyşlaryny «Ak şäherim Aşgabat» maslahatyna getirýär
Dünýäniň iň täsirli binagärlik we dizaýn tejribeleriniň biri bolan Zaha Hadid Architects (ZHA), 2026-njy ýylyň 24 – 25-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisine we maslahatyna gatnaşar.