08.05.2026
1629
«At göçümi» atly sahna oýny görkezildi
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän teatr sahnalarynyň arasynda Mary welaýatynda ýerleşýän Kemine adyndaky döwlet drama teatry täze «At göçümi» sahna oýnuny görkezdi.
08.05.2026
1656
Ekologiýa we howanyň üýtgemegi baradaky meseleler boýunça halkara maslahat geçiriler
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan «Durnukly ösüş maksatlarynyň ileri tutulýan ugurlary: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirer.
08.05.2026
3116
Türkmenistandaky Fransuz instituty täze küşt klubyna çagyrýar
Türkmenistandaky Fransuz instituty küşt möwsüminiň açylýandygyny yglan edýär.
07.05.2026
2123
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri hanym Mariam Kwriwişwilini kabul etdi.
07.05.2026
2735
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
Şu gün paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Netijeli geçen duşuşyk ýokary döwlet derejesinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde nobatdaky möhüm ädim bolup, iki ýurduň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.
07.05.2026
2674
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
Şu gün Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgadynyň hem-de gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.
07.05.2026
2391
Tokioda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Daşky gurşaw boýunça komitetiniň başlygy, Ýapon-Türkmen Parlamentara dostluk toparynyň agzasy Takuma Miýaji bilen duşuşdy.
07.05.2026
2958
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly taslamasynyň V möwsümi tamamlandy
6-njy maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýokary okuw mekdebi we onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly hünär ugurly taslamanyň V möwsüminiň jemleýji tapgyry boldy.
07.05.2026
2837
Ýurdumyzyň durmuşy nakgaş Nyýazmyrat Dowodowyň eserlerinde
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Nyýazmyrat Dowodowyň doglan gününiň 105 ýyllygy mynasybetli şahsy sergisi açyldy. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri watandaşlarymyz üçin baý döredijilik mirasyny galdyrdy. Muzeýde guralýan mowzuklaýyn sergileriň köpüsiniň onuň eserleri bilen bezelmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol sebäpli hem, ýubileý sergisinde nakgaşlyk sungatynyň muşdaklaryna tanyş bolan ençeme eserler ýerleşdirilipdir.
07.05.2026
1694
Türkmenistanyň agyr atletikaçysy ýaşlar dünýä çempionatynda kümüş we bürünç medal gazandy
Müsüriň Ismailiýa şäherinde 2026-njy ýylyň agyr atletika boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynda 17 ýaşly türkmen agyr atletikaçysy Didarbek Jumabaýew itekläp götermekde kümüş, agyrlygy götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça bolsa bürünç medal gazandy. «Olimp» orta sport mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy bu üstünligi 79 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip gazandy. Bu derejede 14 ýurtdan gelen 17 türgen güýç synanyşdy.