Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda «Garaşsyzlyk – ganatym, Watanym – seždegähim» atly döredijilik bäsleşiginiň ýapylyş dabarasy geçirildi.

Her ýyl geçirilýän bu döredijilik bäsleşigi ömrüni sahna sungatyna bagyş edenleriň ählisi üçin hünär baýramydyr. Dramaturglar, režissýorlar, kompozitorlar, suratkeşler we, elbetde, aktýorlar öz hünärlerine buýsanç duýgusy bilen ýaşaýarlar. Dabaranyň özboluşly nyşany hökmünde, ony ajaýyp we çuň bas sesiniň eýesi Tirkеş Mätnazarowyň ýerine ýetiren «Artist» aýdymy açdy.

Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähеt Şirimow döredijilik bäsleşiginiň tamamlanmagy mynasybetli oňa gatnaşyjylary ýatdan çykmajak baýramçylyk çäresiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady we olara geljekki döredijilik işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Wideo şekillerde bäsleşige gatnaşan teatrlaryň ajaýyp binalarynyň keşpleri görkezilip, olar görkezilen sahna oýunlaryndan alnan sahnalar bilen gezekleşýärdi. Şeýlelikde, tomaşaçylar we bäsleşige gatnaşyjylar sentýabr aýynyň ilkinji ongünlüginde ýurdumyzyň teatr sahnalarynda janlanan gahrymançylykly, şatlykly we pajygaly wakalary täzeden başdan geçirmäge mümkinçilik aldylar. Tomaşaçylaryň göz öňünde Jelaleddin türkmeniň gaýduwsyz goşuny janlandy, Hazaryň kenaryndaky häzirki zaman toýy, Aşgabat ýer titremesiniň pajygaly pursatlary, hassalaryň ikinji gezek dünýä inen ýaly bolýan operasion otagy we beýleki wakalar peýda boldy.

Tanymal artistler Batyr Çaryýew bilen Dilşat Meläýewa alyp baryjy hökmünde bäsleşigiň ýapylyş dabarasynyň iň tolgundyryjy bölegine – dürli ugurlar boýunça ýeňijileri yglan etmäge girişdiler.

Zalyň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň «Halk hakydasy» sahna oýnuna baş baýrak berildi. Režissýory – Handurdy Berdiýew.

Birinji orun Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň «Agzybirlik rowaýaty» sahna oýnuna berildi. Režissýory – Serdar Ataýew.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň sahnalaşdyran «Howandar» sahna oýny ikinji orna mynasyp boldy. Režissýory – Eziz Işangulyýew.

Üçünji orny Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň «Türkmen soltany» hem-de A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň «Eşit meni!» sahna oýunlary paýlaşdy. Olaryň režissýorlary degişlilikde Ata Gullarow we Baýram Garajaýew.

«Zenan keşbini iň oňat ýerine ýetirendigi üçin» atly ýörite baýraga Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň aktrisasy Şemşat Kasymowa mynasyp boldy. «Iň oňat sahna eseri üçin» atly ýörite baýragyny bolsa iki awtor – Gadam Kakabaýew bilen Abdylasym Rejepow paýlaşdy.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň aktrisasy Oguljan Bekiýewa «Kiçi göwrümli keşbi iň oňat ýerine ýetirendigi üçin» atly ýörite baýrak aldy. Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň aktýory Begli Dowlyýew bolsa «Iň ýaş zehin üçin» atly ýörite baýragyna mynasyp boldy.

Höweslendiriji baýraklara mynasyp bolan aktýorlaryň arasynda Kakamyrat Bazarow, Baýramtäç Hojamämmedowa, Mariýa Durdyýewa, Zyýada Kakaliýewa, Anna Meläýew, Nurýagdy Döwletow, Gerçek Orazmuhammedow dagy bar.

Zal sahna mynasyp bolan baýragyny almak üçin çykan her bir aktýory şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylady.

Gahryman Arkadagymyza we häzirki bagtyýar döwrümize bagyşlanan aýdym bilen teatrlaryň döredijilik bäsleşigi öz işini jemledi. Bu bäsleşik ähli gatnaşyjylara parahatçylykly we döredijilikli Watanymyzda geçiriljek indiki forumda has täze we has gyzykly eserleri taýýarlamaga ruhlandyrdy.




