18.07.2026
1989
Türkmenistan bilen Gruziýa köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde gepleşikleri geçirdiler. Ýokary derejedäki duşuşygyň esasy netijesi hökmünde döwletara hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça has-da ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekildi.
17.07.2026
3299
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy
Şu gün Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
17.07.2026
3696
Ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip
Şu gün Lebap welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, «Gahryman Arkadagyň ak ýoly bilen öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.
17.07.2026
1727
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Eýranyň ruhy Lideriniň hatyrasyna ýatlama çäresi geçirildi
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Eýranyň ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýiniň hatyrasyna bagyşlanan çäre geçirildi.
17.07.2026
3491
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary rus dili boýunça halkara olimpiadada baýrakly orunlary eýelediler
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Russiýa Federasiýasynyň B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersiteti tarapyndan «Rus dili we ülkäni öwreniş» dersinden onlaýn görnüşinde halkara olimpiadada üstünlikli çykyş etdiler.
17.07.2026
2026
Türkmenistanyň Mejlisinde koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy jenap Çýo Hýon Dunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.
17.07.2026
1797
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça Ýokary derejeli dialogyň 13-nji mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 16-njy iýulynda Brýussel şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça Ýokary derejeli dialogyň 13-nji mejlisine gatnaşdy.
17.07.2026
2475
Türkmenistan bilen Gruziýa ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeldýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tbilisi şäherinde geçirilen Türkmen-gruzin işewürlik maslahatynda çykyş edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitledi.
16.07.2026
3642
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary başlandy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gruziýa ugrady.
16.07.2026
2753
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
Bu günki forum ikitaraplaýyn söwda, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berer.