Ï Türkmenistanyň toparlary Samarkantda geçiriljek 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň toparlary Samarkantda geçiriljek 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşarlar

view-icon 230
Türkmenistanyň toparlary Samarkantda geçiriljek 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşarlar
camera-icon
TKF

15 – 27-nji sentýabr aralygynda dünýä küşt jemgyýetçiliginiň ünsi Özbegistanyň Samarkant şäherine gönükdiriler. Bu ýerde 1927-nji ýyldan bäri geçirilip gelýän we Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) iň abraýly toparlaýyn ýaryşy bolan 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasy geçiriler. «Silk Road Samarkand» halkara sergiler merkezinde 400-den gowrak ýygyndy topar hem-de 4 müňden gowrak gatnaşyjy jemlenip, açyk we zenanlar ýaryşlarynyň 11 tapgyrynyň netijesinde iň güýçli toparlary kesgitlärler.

Olimpiýa meýdançasynda Türkmenistanyň abraýyny 10 türgenden ybarat milli ýygyndy gorar. Ýatladyp geçsek, iki ýyl mundan ozal Budapeştde geçirilen 45-nji Olimpiadada türkmen toparlary iň gowy taryhy netijelerini görkezip, öz toparlarynda birinji orunlary eýelediler (erkekler «B» toparçada, zenanlar bolsa «C» toparçada).

Milli ýygyndymyzyň düzümi ýurdumyzyň küşt mekdebiniň iň gowy wekillerinden düzüldi.

Türkmenistanyň zenanlar toparynyň düzümi:

Leýla Şöhradowa – saýlama geçirilýän wagty zenanlaryň arasynda milli reýtingiň birinji belgilisi;

Lala Şöhradowa – Türkmenistanyň 2026-njy ýylyň Ýokary ligasynyň ýeňijisi;

Jahan Rejepowa – 2026-njy ýylyň Ýokary ligasynyň kümüş medalynyň eýesi;

Mähri Agamyradowa – 2026-njy ýylyň Ýokary ligasynyň bürünç medalynyň eýesi;

Ogulsuraý Baýrambaýewa – 2026-njy ýylyň Ýokary ligasynda dördünji orny eýelän türgen.

Türkmenistanyň erkekler topary:

Saparmyrat Atabaýew – saýlama geçirilýän wagty Türkmenistanyň erkek küştçüleriniň arasynda reýtingiň öňdebaryjysy;

Meýlis Annaberdiýew – saýlama geçirilýän wagty erkekler reýtinginde ikinji belgilisi;

Amanmuhammet Hommadow – Türkmenistanyň 2026-njy ýylyň Ýokary ligasynyň ýeňijisi;

Wepaly Halynýazow – 2026-njy ýylyň Ýokary ligasynyň kümüş medalynyň eýesi;

Şahruh Turaýew – 2026-njy ýylyň Ýokary ligasynyň bürünç medalynyň eýesi.

Ýygnandy toparymyz ýaryşa üstünlikleriň ruhubelentliginde barýar: şu ýyl türkmen küştçüleri Merkezi Aziýanyň çempionatlarynda we halkara ýaryşlarynda medallara mynasyp boldular. Lala Şöhradowa bolsa Hindistanyň Mumbaý şäherinde geçirilen çempionatda 20 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda çalt küşt (rapid) boýunça Aziýanyň çempiony, blits boýunça bolsa wise-çempion boldy.

Ýygnandy toparymyzyň tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýew toparyň taýýarlygy barada şeýle belledi:

– Men ajaýyp netijelere garaşýaryn. Amanmuhammet bilen Lala örän gowy taýýarlykly, ähli oýunçylaryň hem güýçli çykyş etmegine garaşýaryn. Iki toparymyzyň hem öz toparçalarynda münberiň ýokary basgançaklaryna çykjakdygyna ynanýaryn.

Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebi hem-de Türkmenistanyň Küşt federasiýasy bilen bilelikde ýanwar aýyndan bäri yzygiderli taýýarlyk ulgamyny ýola goýduk – her gün irden we gündiz türgenleşikler geçirildi. Zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Şahruh Turaýew we Federasiýanyň tälimçiler geňeşiniň ýolbaşçysy Mergen Kakabaýew bilen bilelikde türgenleriň ýylyň esasy ýaryşyna taýýarlygy üçin ähli güýjümizi gönükdirdik.

Yssyk-Kölde we Mumbaýda geçirilen ýaryşlardaky üstünlikler türkmen küşt sportunyň ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Oýunçylarymyzyň ählisiniň Samarkantda halkara ussadyň kadalaryny ýerine ýetirmäge we öz reýtinglerini ýokarlandyrmaga hakyky mümkinçiligi bar.

Şeýle hem Gazagystanyň Küşt federasiýasynyň ornuny aýratyn belläsim gelýär. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde biz maý aýynda Kökşetauda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirdik, tomusda onlaýn sapaklary guradyk, häzir bolsa oýunçylar halkara grossmeýster Aleksandr Rahmanowyň ýolbaşçylygynda nobatdaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda bolýarlar – diýip, Serdar Annaberdiýew aýtdy.

Türkmenistanyň Küşt federasiýasy milli ýygyndymyzy Bütindünýä olimpiadasyna buýsanç bilen ugradyp, türgenleriň üstünlikli çykyş etmegine we ýurdumyzyň dünýä küşt giňişligindäki ornuny has-da berkitmegine uly umyt baglaýar.