Ï Ulag arabaglanyşygy we Hazar deňziniň mümkinçilikleri: Türkmenistan GDA-nyň geňeşiniň 111-nji mejlisinde esasy garaýyşlaryny beýan etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ulag arabaglanyşygy we Hazar deňziniň mümkinçilikleri: Türkmenistan GDA-nyň geňeşiniň 111-nji mejlisinde esasy garaýyşlaryny beýan etdi

view-icon 284
Ulag arabaglanyşygy we Hazar deňziniň mümkinçilikleri: Türkmenistan GDA-nyň geňeşiniň 111-nji mejlisinde esasy garaýyşlaryny beýan etdi

Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky, 111-nji mejlisi geçirildi. Bu duşuşyk GDA agza ýurtlaryň bar bolan söwda we maýa goýum mümkinçiliklerini nazara almak bilen, ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini konstruktiw ara alyp maslahatlaşmak we özara gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek üçin netijeli meýdança öwrüldi.

Bu wekilçilikli forumyň guralmagy we geçirilmegi Türkmenistanyň Arkalaşygyň çäklerinde köptaraplaýyn dialogy giňeltmäge hem-de netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen yzygiderli garaýşyny ýene-de bir gezek görkezdi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H. Geldimyradow gutlag sözi bilen çykyş etdi we hasabat berdi.

Wise-premýer öz çykyşynda Arkalaşygyň giňişliginiň häzirki zaman dünýä ulag ulgamyndaky strategik ähmiýetine ünsi çekdi. Onuň belleýşi ýaly, GDA agza döwletleriň özboluşly geografik ýerleşişi Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda durnukly logistika ugurlarynyň kemala gelmeginde olara möhüm baglanyşdyryjy halka hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Demirgazyk – Günorta we Gündogar – Günbatar halkara ulag geçelgelerini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Hazar sebitine halkara ulag-logistika infrastrukturasynyň möhüm bölegi hökmünde aýratyn üns berildi. H. Geldimyradow Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasynda Hazaryň üstaşyr geçiriş mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga ýokary gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Mundan başga-da, Türkmenistan öz başlyklyk eden döwrüniň çäklerinde 2029-njy ýyly «Ulag arabaglanyşygy ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Mejlisiň dowamynda bellenilişi ýaly, bu başlangyjyň durmuşa geçirilmegi Arkalaşyga agza ýurtlaryň ulag ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygynyň tutuş ulgamyna güýçli itergi berip biler.

«GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistan 2029-njy ýyly «Ulag arabaglanyşygy ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Biz bu başlangyjy Arkalaşygyň ýurtlarynyň ulag ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygynyň tutuş ulgamyna goşmaça itergi bermäge mümkinçilik hökmünde kabul edýäris. Möhüm zat, bu tematik ýylyň diňe bir möhüm waka bolman, eýsem, anyk taslamalary durmuşa geçirmek üçin amaly meýdança öwrülmegidir. Bu ýerde ulag infrastrukturasyny, halkara ugurlaryny ösdürmek, ýük daşamalaryny sanlylaşdyrmak, ulaglaryň dürli görnüşleriniň arasyndaky baglanyşyklary giňeltmek, ulag howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem bar bolan infrastruktura we administratiw päsgelçilikleri aradan aýyrmak barada gürrüň gidýär» diýip, H. Geldimyradow aýtdy.