Ï Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde innowasiýalar we emeli aň boýunça halkara maslahatlar geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde innowasiýalar we emeli aň boýunça halkara maslahatlar geçiriler

view-icon 290
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde innowasiýalar we emeli aň boýunça halkara maslahatlar geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birnäçe halkara ylmy-amaly maslahatlara taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Guramaçylyk işleriniň alnyp barlyşy barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Mämmedow hasabat berdi. Berlen maglumatlara görä, halkara ylmy-amaly maslahatlar ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda sanly görnüşde geçiriler.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion tehnologiýalaryň orny» atly maslahat geçiriler.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bolsa «Milli emeli aň tehnologiýalary: sanly ykdysadyýet, «akylly» diwersifikasiýa, durnukly ösüş» atly maslahat geçiriler.

Çärä gatnaşyjylaryň esasy ünsi «ýaşyl», howpsuz, «akylly» şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde öňdebaryjy tejribäni öwrenmek, innowasion gurluşyk serişdelerini ornaşdyrmak, şeýle hem önümçiligi awtomatlaşdyrmak we robot tehnologiýalaryny ulanmak bilen bagly meselelere gönükdiriler.

Forumlara türkmen alymlarynyň, mugallymlarynyň we talyplarynyň, şeýle hem iri daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere meýilleşdirilýän ylym-bilim çärelerine ýokary hilli we hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.