Ï Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrar we «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine gatnaşar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrar we «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine gatnaşar

view-icon 218
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrar we «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R. Meredowyň döwlet Baştutanymyzyň Koreýa Respublikasyna boljak döwlet saparyna hem-de «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» atly ilkinji sammitine gatnaşmagyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatyny diňledi.

Öňümizde geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikleriň çäklerinde döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň giň toplumyna gol çekilmegi meýilleşdirilýär. Täze ylalaşyklar ykdysadyýet, maýa goýumlar, ulag we logistika, himiýa senagaty, infrastruktura we senagat gurluşygy, daşky gurşawy goramak, suw hojalygy, ylym we bilim ýaly möhüm ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny giňelder.

Hasabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» atly ilkinji sammitine gatnaşmagyna aýratyn üns berildi. Bu sammit köptaraplaýyn sebit dialogyny has-da çuňlaşdyrmaga güýçli itergi bermegi maksat edinýär.

Döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigini nygtap, meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary derejede taýýarlanmagyny üpjün etmegi Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysyna tabşyrdy.