09.04.2025
3911
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Parlamentara bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 5-7-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Daşkent şäherinde geçirilen Parlamentara bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda saparda boldy.
09.04.2025
3263
Türkmenistanyň we Efiopiýanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Daşary işler ministri Gedion Timotewosyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
08.04.2025
4996
Türkmenistan döwrüň möhüm meselelerini çözmekde işjeň orny eýeleýär
Bitarap Türkmenistan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän parahatçylyk döredijilikli daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda, dünýä döwletleri, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär.
08.04.2025
3150
XII Türkmen-german forumy: saglygy goraýşyň ählumumy meselelerini çözmäge bilelikdäki goşant
Şu gün Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly guralan saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy öz işini tamamlady.
08.04.2025
4311
Çagalaryň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär.
08.04.2025
3942
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşmagyň çäginde birnäçe duşuşyklary geçirdi
2025-nji ýylyň 8-nji aprelinde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) 71-nji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti UNECE-iň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan bilen duşuşdy.
08.04.2025
7553
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary we sirk artistleri ussatlyklary bilen tomaşaçylary begendirýär
Meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň we Türkmenistanyň döwlet sirkiniň artistleri Daşoguz welaýatynda myhmançylykda şowhunly çykyşlaryny görkezýärler. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitine gelen artistleriň duşuşygy aýdym-sazly hakyky baýrama we «Görogly» eposy boýunça goýlan teatr çykyşynyň tomaşasyna öwrüldi.
08.04.2025
5281
«Dutaryň owazy» atly Moskwa halkara sungat festiwalynyň täze möwsümini «Türkmen bilbili» konserti açdy
2025-nji ýylda Türkmenistanyň halk artisti, opera aýdymçysy Medeniýet Şahberdiýewanyň doglan gününiň 95 ýyllygy bellenilýär. Şan-şöhraty Türkmenistanyň çäklerinden has uzaga ýaýran artistiň ýadygärlik ýubileý dabarasy dogduk şäheri Kerkide-de, Moskwada-da bellendi.
08.04.2025
4784
Türkmenistanda sebit boýunça gümrük hünärmenlerini kämilleşdiriş okuw merkezi dörediler
Şu ýylyň 31-nji marty bilen 4-nji apreli aralygynda Bütindünýä gümrük guramasynyň bilermenleri Daşgyn Alyýewiň we Jaýdar Inkerbaýewiň Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezine iş sapary boldy.