Ï Maliýe boýunça II halkara olimpiada geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Maliýe boýunça II halkara olimpiada geçiriler

view-icon 2444
Maliýe boýunça II halkara olimpiada geçiriler

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny «Maliýe» dersi boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Olimpiada ýokary okuw mekdeplerde dürli hünärler hem-de taýýarlyk ugurlary boýunça bilim alýan gyzyklanma bildirýän ähli talyplar gatnaşyp biler. Her ýokary okuw mekdepden 4 talypdan köp bolmadyk ýaşlar gatnaşmaga goýberilýär. 

Olimpiada 14-nji noýabrda şahsy bäsleşikler görnüşinde geçiriler. Bäsleşigiň resmi dilleri – türkmen, rus we iňlis dilleridir. 

Olimpiada gatnaşyjylara «Maliýe» dersi boýunça ýumuşlaryň 10-sy teklip edilip, olary çözmäge 120 minut wagt berler. Bäsleşige gatnaşyjylaryň netijeleri toplanylan utuklaryň jemi boýunça kesgitleniler. Olimpiadanyň eminleriniň düzümine Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri girýärler.

Olimpiadanyň ýeňijileri I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar. Ýumuşlaryň 6-syny doly ýerine ýetiren, ýöne ýeňijileriň hataryna düşmedik gatnaşyjylara Hormat hatlary gowşurylar. 

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler 10-njy noýabra çenli tsiem.olymp@gmail.com ýa-da tsiem.muhanow@gmail.com elektron salgylara institutyň saýtynda ýerleşdirilen goşunda laýyklykda özleri hakda maglumatlary ibermelidirler.

Talyplaryň beren maglumatlary esasynda olimpiadanyň geçiriljek tsiem.olymp.edu.tm onlaýn platformasyna olaryň girip bilmegi üçin bellige alnan ýazgysy dörediler. Gatnaşmak üçin login we parol talyplara olaryň bellige alnanda görkezen elektron salgysyna iberiler.

Goşmaça maglumatlar institutyň ýokarda görkezilen saýty, elektron salgy hem-de +99312 48 62 73, +99362 03 59 90 telefon belgiler boýunça elýeterlidir.

Olimpiada talyplaryň dünýägaraýşyny we maliýe taýdan pikirlenişini ösdürmek, häzirki zamanyň ylmy we amaly meseleleri boýunça netijeli dolandyryş we maliýe çözgütlerini kabul edip bilýän ýaş hünärmenleri taýýarlamak, öňdebaryjy tejribäni ýaýratmak we tejribe alyşmak, sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň üsti bilen Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň ylym-bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen geçirilýär.

Guramaçylar bu olimpiadanyň ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek boýunça uniwersitetleriň umumy maksadyny ýerine ýetirmäge hyzmat etjekdigine, şeýle hem özara bähbitli ylmy we amaly bilimleri hem-de gymmatly akademiki tejribeleri netijeli alyşmaga ajaýyp mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirýärler.