Ï Türkmenistan bilen Koreýa ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Koreýa ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürýärler

view-icon 138
Türkmenistan bilen Koreýa ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürýärler

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň Çhunçhon şäherindäki Kanwon milli uniwersitetiniň binýadynda 10 – 13-nji noýabr aralygynda guralan «Kanwon milli uniwersiteti serhetsiz: ýokary bilim ulgamynda ählumumy ösüş we hyzmatdaşlyk» atly ählumumy hyzmatdaşlyk boýunça III halkara maslahatyna gatnaşdy.

Halkara maslahaty Hytaýyň, Fransiýanyň, Wengriýanyň, Malaýziýanyň, Wýetnamyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň ýokary bilim ulgamynyň wekillerini bir ýere jemledi.

Plenar mejlisiň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory çykyş etdi. Ol öz çykyşynda bilimiň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň strategik ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, döwlet tarapyndan ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada gürrüň berdi.

«Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» esasy wezipelerine – bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, onuň halkara bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge hem-de okatmagyň häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Şeýle hem, rektor türkmen we koreý ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlygynyň tejribe alyşmakdaky, akademiki ykjamlylygy ösdürmekdäki, ýokary bilimi halkara bilim giňişligine ýakynlaşdyrmakdaky ähmiýetini belledi.

Saparyň çäginde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektorynyň Kanwon milli uniwersitetiniň prezidenti Çon Je Ýon bilen resmi duşuşygy geçirildi. Taraplar ozal baglaşylan özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň çäginde hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn bilim maksatnamasyny durmuşa geçirmek, talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalşygyny giňeltmek, şeýle hem tomusky tejribe maksatnamalaryny ösdürmek boýunça mundan beýläkki çäreler kesgitlenildi.

Türkmen wekiliýetiniň Koreýa sapary iki dostlukly ýurduň arasyndaky ylym-bilim hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegiň ýolundaky nobatdaky möhüm ädim boldy.