01.09.2025
4962
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Lyong Kyonga Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
01.09.2025
4370
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Ilki bilen, Size mähirli salamymy beýan edýärin we iýul aýynda Siziň Azerbaýjana amala aşyran saparyňyzy hem-de hoşniýetlilik, özara düşünişmek, ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygymy bellemek isleýärin. 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma gatnaşmaga çakylygyňyz üçin Size hoşallygymy bildirýärin.
01.09.2025
9999
Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar
Şu gün Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň hem-de aýlawly ýoluň ugrundaky “Täze kuwwat” binasynyň açylyş dabarasy geçirildi.
01.09.2025
10886
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze binalar açylyp ulanmaga berildi
1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy.
01.09.2025
5966
Seçgi pagtaçylyk pudagyny öňe alyp barýan güýçleriň biridir
Daşoguz welaýatynda oba hojalygynyň esasy pudaklaryndan biri-de pagtaçylykdyr. Bu ekin, ilkinji nobatda, dokma pudagynda isleg bildirilýän gymmatly süýümi almak üçin köp mukdarda ösdürilip ýetişdirilýär.
01.09.2025
8590
Türkmenistanyň futbolçylary Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň (CAFA) Milletler kubogy ýaryşynda Gyrgyzystanyň topary bilen deňme-deň oýnadylar
Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň (CAFA) Milletler kubogy ýaryşynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň Gyrgyzystanyň topary bilen geçiren duşuşygy 1:1 hasaby bilen deňme-deň tamamlandy.
01.09.2025
6322
Ýurdumyzda salkyn howanyň bolmagyna garaşylýar
Sentýabryň başynda Türkmenistanda yssy we gurak howa dowam eder. Az-kem bulutly howa bolup, ýagyn ýagmaz diýlip çak edilýär. Gündizlerine howa ortaça +27 gradus bilen +36 gradus aralygynda bolar.
01.09.2025
6419
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň depginli we sazlaşykly ösýändigini alamatlandyrýan ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden belleniljek bu baýramçylygyň eziz Watanymyza buýsanjyňy joşdurýan şanly seneleriň biri hökmünde mekdep okuwçylarymyzyň, talyp ýaşlarymyzyň, mugallymlarymyzyň, ähli merdana halkymyzyň kalbynda hemişelik orun aljakdygyna berk ynanýaryn.
01.09.2025
5361
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk toýunyň umumadamzat ähmiýetli wakalar bilen utgaşýan günlerinde uly dabaralara beslenip bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzy gülledip ösdürmekde, halkymyzyň, ylaýta-da, çagalaryň we ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim-terbiýe almagy, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.
31.08.2025
5671
Türkmenistan — Hytaý: dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda
Ilki bilen, “Ženmin Žibao” gazetiniň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň öň ýanynda şu makalany çap etmek başlangyjy bilen çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirýärin. Men muňa taýýardygymy beýan etdim. Şeýle uly we abraýly neşiriň köpmillionly okyjylaryna göni ýüzlenmek olara Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň düýp mazmunyny gowy bilmäge, biziň halklarymyzyň hatyrasyna we düýpli bähbitlerine laýyklykda, iki döwletiň häzirki hem-de geljekde alyp barjak bilelikdäki işlerine anyk baha bermäge ýardam eder diýip pikir edýärin.