02.04.2025
13269
Ö.Kakalyýew Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, polisiýanyň podpolkownigi Wepaly Durdymuhammedowiç Ataýew içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
02.04.2025
7968
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini geçirmek bellenildi
Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
02.04.2025
2984
Türkmen küştçüleri 2025-nji ýyldaky dünýä Kubogyna gatnaşmaga hukuk almak ugrundaky bäsleşige girýärler
Bäşisi açyk, bäşisi zenanlar toparynda bolmak bilen, on küştçi şu gün Gazagystanyň Almaty şäherinde başlanjak küşt oýny boýunça 2025-nji ýyldaky dünýä Kubogynyň saýlama ýaryşynda Türkmenistanyň adyndan çykyş eder.
02.04.2025
4018
Türkmenistanyň Ilçisiniň Kipr Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşuryş dabarasy
2025-nji ýylyň 31-nji martynda Nikosiýa şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Kipr Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Rim şäheri) T.Kömekowyň Kipr Respublikasynyň Prezidenti Nikos Hristodulidise ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi.
02.04.2025
3782
Bilermenler Türkmenistanyň «ýaşyl» geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hünärmenleri galyndylary dolandyrmak ýörelgesini işläp gutarmak boýunça iş duşuşygyny geçirdiler. Duşuşykda täze kadalaşdyryjy we hukuk namalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
02.04.2025
2364
Türkmenistan Samarkantda geçirilýän ikinji derejeli üçünji sebitleýin maslahata gatnaşýar
Şu gün Samarkantda kriosfera we howanyň üýtgemegi boýunça milli hem ikinji derejeli sebitleýin hereket meýilnamalary boýunça üçünji sebitleýin maslahaty öz işine başlady.
02.04.2025
3086
Türkmen mugallymlary Rumyniýada gysga möhletli okuwlary geçdiler
22-28-nji marty aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary «Daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak» (ESGCA) atly taslamanyň çäklerinde Rumyniýanyň Sibiu şäherinde boldular.
02.04.2025
3685
«Mirasly senet» guramasy türkmen senetçiliginiň däplerini we döwrebaplygyny utgaşdyrýar
Türkmenistanyň medeni mirasy — sungatyň, durnuklylygyň we tebigata hormat goýmagyň ajaýyp utgaşygydyr. Onda ýurduň maddy we maddy däl medeni baýlygynyň aýrylmaz bölegi bolan senetçilik aýratyn orun tutýar.
02.04.2025
4861
Ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çärelere badalga berildi
Türkmenistanda woleýbol, futzal, basketbol we stol tennisi boýunça talyplar ýaryşlary bilen 7-nji aprelde bellenýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli bedenterbiýe-sport we medeni-köpçülikleýin çäreler başlandy.
02.04.2025
3782
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2025 – hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek üçin başlangyç” atly ylmy-amaly maslahat
2025-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasy bilen bilelikde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2025 – hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek üçin başlangyç” atly ylmy-amaly maslahaty gurady.