08.10.2025
7992
Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigini geçirmek bellenildi
Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan nusgalyk türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde çykaran 2222-nji Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
08.10.2025
4848
Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly ikinji duşuşygy geçirildi.
08.10.2025
4882
Türkmenistanyň wekiliýeti «Global Rail 2025» atly Halkara sergisine we maslahatyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 30-njy sentýabry – 4-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary Ministri Mämmet Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen «Global Rail 2025» halkara sergisiniň we maslahatynyň işine gatnaşmak üçin iş saparynda boldy.
08.10.2025
6399
Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň döwletleri bilen energetika we ulag ulgamlarynda uly taslamalary durmuşa geçirmäge taýýar
Aşgabat sebit we halkara derejesinde strategik ähmiýetli energetika, ulag we logistika ulgamlaryndaky uly taslamalary öňe sürmek ugrunda işjeň hereket edýär.
08.10.2025
6264
Türkmenistanyň sowgady hökmünde Azerbaýjanda 500 orunlyk metjidiň gurluşygyna badalga berildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde, Fizuli şäherinde metjidiň gurluşygyna dabaraly ýagdaýda badalga berildi.
08.10.2025
4144
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işler ministri bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işler ministri jenap Gordan Grliç-Radman bilen duşuşygy geçirildi.
08.10.2025
5503
Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler
Ýakyn wagtda Azerbaýjanyň ýaşaýjylary türkmen halkynyň baý we özboluşly medeniýeti bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar.
08.10.2025
9621
Türkmenistanly mekdep okuwçylar mental hasaplamak boýunça dünýä ýaryşyna gatnaşdylar
4-6-njy oktýabry aralygynda Germaniýanyň Bielefeld şäherinde ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça dünýä ýaryşy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň okuwçylarynyň sekizisi gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler.
08.10.2025
6468
«Saglyk» Döwlet maksatnamasy Türkmenistanyň saglygy goraýşynyň ösüşiniň esasy ugrudyr
- Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly biziň ýurdumyzyň taryhyndaky möhüm wakalar bilen gabat geldi. Şu ýyl Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň tassyklananyna 30 ýyl doldy.
08.10.2025
3778
Türkmenistan we Azerbaýjan ahalteke hem garabag atlaryny ösdürip ýetişdirmek ugrunda bilelikde işlär
Türkmenistanly seýisler we olaryň azerbaýjanly kärdeşleri ahalteke hem garabag atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça gadymy sungaty gaýtadan dikeltmek babatda hyzmatdaşlyga başlap bilerler. Bu başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitinde eden çykyşynda yglan etdi.