24.01.2025
4363
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
24.01.2025
10017
Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan milli neşir önümleriniň, kitaplaryň häzirki zaman şertlerinde goralyp saklanmagyny üpjün etmek, halkymyzyň kitaba, okamaga höwesini artdyrmak we ýurdumyzda kitaphana işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem “Medeniýet hakynda”, “Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.
24.01.2025
7964
Balkanabat şäherinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy belentden tutuldy
Günbatar sebitiň merkezi Balkanabat şäherinde Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň düzümleriniň işgärleri üçin her biri 32 hojalyga niýetlenen 4 gatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi ulanylmaga berildi.
24.01.2025
3625
2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijelerine we 2025-nji ýylda bilelikdäki işleriň geljegine bagyşlanan metbugat maslahaty
2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde 2024-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijelerine we 2025-nji ýylda bilelikdäki işleriň geljegine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi.
24.01.2025
3675
Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi
2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.
24.01.2025
3388
Türkmenistan gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegi maksat edinýär
2025-nji ýylyň 20–24-nji ýanwary aralygynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň «Maliýe bazarlaryny ösdürmek boýunça edarawi we kadalaşdyryş gurşawy berkitmäge goldaw» atly bilelikdäki taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Aşgabat gazna biržasynyň hünärmenleri üçin üç günlük maslahat geçirildi.
24.01.2025
3660
«Bitewi saglyk» çemeleşmesi Türkmenistanda
23-nji ýanwarda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda «Bitewi saglyk» çemeleşmesini Türkmenistanda durmuşa geçirmek boýunça milli pudagara sazlaýjy komitetiň ikinji mejlisi geçirildi.
24.01.2025
4176
Paýtagtymyzda «Abadan Watanyň goragynda» atly sergi açyldy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Abadan Watanyň goragynda» atly sergi açyldy.
24.01.2025
3771
Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük gullugynyň wekiliýeti Türkmenistana geldi
2025-nji ýylyň 21-22-nji ýanwarynda Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük gullugynyň wekiliýeti iş sapary bilen Aşgabat şäherinde boldy. Bu sapar 2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda gol çekilen Türkmenistanyň we Eýranyň gümrük gullugynyň 2024 – 2026-njy ýyllar üçin bilelikdäki hereket meýilnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.
24.01.2025
3294
Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.