Ï Koreýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Koreýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar

view-icon 3223

2025-nji ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýurdumyzda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ji Kýu-Tek bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine we geljekki mümkinçiliklerine baha berildi. Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýa Respublikasynyň Ilçisine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine goşan goşandy üçin minnetdarlygyny bildirdi hem-de geljekki işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Öz gezeginde Ilçi özüniň diplomatik missiýasyny amala aşyrmakda beren ählitaraplaýyn goldawy we ýardamy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.