17.11.2026
898
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisiniň çäklerinde, Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Ismail uld Şeýh Ahmed bilen duşuşygy geçirildi.
17.11.2026
735
Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi.
16.11.2026
1800
Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
16.11.2026
1754
Ýaşlar — Watanyň daýanjy
Şu gün paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen ada mynasyp bolan ýaşlary sylaglamak dabarasy geçirildi.
16.11.2026
1295
Türkmen türgenleri kuraş boýunça dünýä çempionatynda iki medal gazandylar
Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen kuraş boýunça XV dünýä çempionatynda türkmen türgenleri bir kümüş we bir bürünç medala mynasyp boldular.
16.11.2026
1506
Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmakda ekologik bilimiň, ylmy barlaglaryň we innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti
Häzirki döwürde howanyň üýtgemegi adamzadyň öňünde duran iň möhüm ählumumy meseleleriň biri bolup durýar. Ýer ýüzünde ortaça temperaturanyň ýokarlanmagy, tebigy hadysalaryň ýygylygynyň we güýçlüliginiň artmagy hem-de biodürlüligiň azalmagy tebigy ekoulgamlara, ykdysadyýete we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine düýpli täsir edýär.
16.11.2026
1749
Dmitriý Şostakowiçiň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi
Aşgabat şäherindäki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda XX asyryň görnükli kompozitory Dmitriý Şostakowiçiň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi. Ol gabaw astyndaky Leningradda ýaňlanan we şondan soň «Leningrad simfoniýasy» diýlip atlandyrylan ýedinji simfoniýanyň awtorydyr. Modernizm we neoklassisizm äheňlerinde döredilen Dmitriý Şostakowiçiň saz eserleri dünýä saz sungatynyň genji-hazynasyny baýlaşdyrdy.
16.11.2026
1676
«Daşoguzpagta» önümçilik birleşigi pagtany gaýtadan işlemek boýunça işleri üstünlikli alyp barýar
Häzirki günlerde «Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy kärhanalary meýdanlardan gelip gowuşýan täze hasylyň pagtasyny ilkinji senagat taýdan gaýtadan işlemek işlerini bökdençsiz amala aşyrýarlar. Önümçiligiň ýokary depginini saklamaga, esasan, öz wagtynda we ýokary hilli geçirilen taýýarlyk işleri ýardam berýär. Şol işleriň dowamynda arassalaýjy enjamlara we beýleki ýöriteleşdirilen tehnikalara doly tehniki gözegçilik geçirilip, abatlaýyş işleri ýerine ýetirildi hem-de abatlaýyşdan soňky synaglar amala aşyryldy.
16.11.2026
1356
Türkmenistanyň wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Yslamabatda geçirilýän çärelerine gatnaşýar
2026-njy ýylyň 15-nji noýabrynda Pakistanyň Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ýokary wezipeli wekilleriniň mejlisi öz işine başlady. Bu mejlis YHG-a agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisiniň öňüsyrasynda geçirilýär.
16.11.2026
1288
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 15-nji noýabrynda Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen YHG-nyň Baş sekretary Asad Majid Hanyň arasynda duşuşyk geçirildi.