28.04.2025
4318
Türkmenistanda Kolumbiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kolumbiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ektor Isidro Arenas Neýradan ynanç hatyny kabul etdi.
28.04.2025
4103
Türkmenistanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ministrler derejesindäki birinji forumy geçirilýär
Şu gün Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy öz işine başlady.
28.04.2025
4636
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy
Şu gün paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Zähmetkeşleriň işleri boýunça edarasynyň bilelikde guramagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.
28.04.2025
3755
Türkmenistanyň wekiliýeti Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparynyň ilkinji mejlisine gatnaşýar
2025-nji ýylyň 28-30-njy aprelinde Bişkek şäherinde Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparynyň ilkinji mejlisi geçirilýär.
28.04.2025
4480
Türkmenistanda Ýewropa sebitiniň immunizasiýa hepdeligi başlandy
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýurt bölümi we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň wekilhanasy Ýewropa sebitiniň immunizasiýa hepdeligine başlady.
28.04.2025
4525
Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 25-26-nji aprelinde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi P.Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Almaty şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň altynjy duşuşygyna gatnaşdy.
28.04.2025
6968
Hazar deňzi: ekologiýa hyzmatdaşlygynyň ösüşi
Hazar deňzi dünýäniň iň uly köli hasaplanýar. Çuňlugy boýunça ol dünýäde üçünji orunda durýar (Baýkal (Russiýa Federasiýasy) — 1620 metre, Tanganika (Afrika) — 1435 metre, Hazar deňzi — 1025 metre barabar). Onuň ortaça çuňlugy 208 metr töweregi. Hazar deňzinde tolkunyň hasaba alnan ululygy 11 metre ýetýär. Hazaryň ýene bir özboluşly aýratynlygy onuň akymy ýokdur, muňa garamazdan, suwuň mukdar derejesi durnuksyzlygynda galýar. Hazara 130-a golaý derýa guýýar.
28.04.2025
5273
Türkmen ýokary okuw mekdebi «Dünýä ykdysadyýeti» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşjaklary saýlap almagyny tamamlaýar
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Dünýä ykdysadyýeti» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşjaklary saýlap almagyny tamamlaýar.
28.04.2025
4756
Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda halkara ylmy-taslama bäsleşigi geçiriler
Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň roly» atly halkara ylmy-taslama bäsleşigine gatnaşarlar.
28.04.2025
4860
Yssy günleriň ornuna baharyň sergin howasy geler
Şu hepde Türkmenistanda howanyň temperaturasynyň ep-esli derejede üýtgäp durmagyna garaşylýar. Yssy günleriň ýerine bahar serginligi geler, käbir ýerlerde bolsa ýyldyrym çakyp, ýagyş ýagar.