Ï Türkmen wekiliýeti Hanty-Mansiýskide geçirilen halkara maslahata gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen wekiliýeti Hanty-Mansiýskide geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

view-icon 2099
Türkmen wekiliýeti Hanty-Mansiýskide geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

25-27-nji iýun aralygynda Russiýanyň Hanty-Mansiýsk şäherinde “Sanly tehnologiýalar eýýamynda maglumat we kommunikasiýa: görünýän we görünmeýän täsirler” atly VII halkara maslahat boldy. Ol ÝUNESKO-nyň “Maglumat hemmeler üçin” diýen hökümetara maksatnamasynyň hem-de XVI halkara IT-forumyň çäklerinde geçirildi. 

Hanty-Mansiýsk awtonom okrugynyň – Ýugranyň hökümeti, ÝUNESKO-nyň “Maglumat hemmeler üçin” diýen maksatnamasynyň Rus komiteti hem-de ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Russiýa Federasiýasynyň komissiýasynyň we RF-niň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň goldamagynda Kitaphana hyzmatdaşlygy sebitara merkezi çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdiler.  

Giň gerimli foruma dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 120-ä golaý bilermen gatnaşdy. Olaryň hatarynda – syýasy işgärler, hökümet edaralarynyň, medeniýet ulgamyna degişli guramalaryň, bilim we ylym, kommunikasiýa we maglumat ulgamlarynyň wekilleri, maglumat tehnologiýalary, sosiologiýa, medeniýeti öwreniş, syýasaty öwreniş ulgamynyň hünärmenleri, ýazyjylar, žurnalistler, şeýle hem raýat jemgyýeti institutynyň we işewürligiň wekilleri bar. 

Çärede Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň menejment we innowasion tehnologiýalar kafedrasynyň mugallymy Esen Hojagulyýew hem-de Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri Begmuhammet Meredow we Kadyr Amandurdyýew  Türkmenistana wekilçilik etdiler. 

“Ýugra-Klassik” konsert-teatr merkezi “Sanly tehnologiýalar eýýamynda maglumat we kommunikasiýa: görünýän we görünmeýän täsirler” atly VII halkara maslahatyň, BRHHG-niň (BRICS) we ŞHG-niň ýurtlarynyň gatnaşmagynda XVI halkara IT-forumyň hem-de giň gerimli ugurdaş serginiň açylyş dabarasynyň we bu çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Iri köpugurly maslahatyň çäklerinde Hanty-Mansiýskde 2018-2024-nji ýyllarda  uly üstünlik bilen geçirilen adybir halkara maslahatyň tapgyrlarynyň dowamynda bolan ara alnyp maslahatlaşmalar dowam etdirildi. 

Bilermenleriň çykyşlarynyň esasy bölegi maglumat tehnologiýalaryň häzirki dünýä ýetirýän täsiriniň seljerilmelerine bagyşlandy. Şolarda maglumat tehnologiýalaryň adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň hemme ugurlaryna aralaşmagy bilen baglylykda, dünýä, sebit we ýerli derejelerde bolup geçýän durmuş-medeni özgertmeler barada aýdyldy. Çykyşlar öňdebaryjy tehnologiýalaryň we emeli aň ulgamlarynyň ösüşiniň möhüm ýagdaýlaryny, şeýle hem olaryň dürli ulgamlarda ulanylyşynyň geljegini hem-de aýratynlyklaryny beýan etdi. 

Alyp baryjylaryň çykyşlarynda maglumat tehnologiýalaryň we emeli aň ulgamlarynyň işlenilip taýýarlanylyşyny we ornaşdyrylyşyny, şeýle hem olary ulanmagyň ahlak ugurlaryny, sanly dünýäde maglumat we psihologik howpsuzlygyň üpjün edilişini, maglumat-kommunikasiýalar ulgamyndaky özgertmeleriň döwletiň we jemgyýetiň işjeňligine täsir edişini kadalaşdyryjy-hukuk resminamalar arkaly düzgünleşdirmegiň wajyp meselelerine garaldy. 

Maslahatyň işi “Maglumat we kommunikasiýa: sanly dünýäniň meseleleri” hem-de “Maglumat tehnologiýalar eýýamynda dil we medeni köpdürlülik” diýen temalar boýunça iki sany umumy mejlisi özünde jemledi. Forumyň dowamynda “Emeli aň ulgamynda Birleşmäniň işi babatda maglumat tehnologiýalary ulanmagyň ahlak ugurlary” we “Emeli aňyň kontenti döretmekde ulanylmagy: meseleler, mümkinçilikler, kanunçylyk taýdan düzgünleşdirme” diýen temalar boýunça iki sany strategik mejlis  hem-de “Ylymda we bilimde emeli aň” diýen at bilen bölümiň işi geçirildi. 

Soňra foruma gatnaşyjylary maglumat tehnologiýalara we köp dilliligi ösdürmek boýunça işlerde emeli aň ulgamlaryna bagyşlanylan “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyklar bir ýere jemledi.  Çäräni “Kiberhowpsuzlyk we kiberarassaçylyk” diýen tema boýunça ugurdaş mazmunly maslahatlaşmalar jemledi.  

Maslahata gatnaşyjylar üçin gyzykly medeni-tanyşdyryş maksatnamasynyň hem taýýarlanylandygyny bellemek gerek. Şonuň çäklerinde ajaýyp aýdym-sazly konsertler görkezildi, açyk asmanyň astyndaky “Torum Maa” atly etnografik muzeýe hem-de gäminiň üstünde täsir galdyryjy gezelenç guraldy.