27.05.2025
5946
Galla oragyna guramaçylykly girişiler
Lebap welaýatynyň zähmetsöýer gallaçy-kärendeçileriniň tutanýerli zähmeti, şeýle hem sebitde işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde meýilleşdirilen 130 müň gektar ýerde ak bugdaýyň bol hasyly kemala getirildi. Häzirki wagtda ýetişdirilen möhüm azyklyk önümini gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak, baş wezipe bolup durýar.
26.05.2025
5169
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
26.05.2025
5003
“Türkmen arhiwi” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan türkmen we rus dillerinde neşir edilýän «Türkmen arhiwi» atly taryhy-resminamalaýyn, ylmy-usulyýet žurnalynyň 25-nji sany çapdan çykdy.
26.05.2025
5393
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary Daşkentde geçirilýän CAFA 2025 çempionatynda Owganystanyň toparyny ýeňdi
Türkmen futbolçylary Özbegistanyň Daşkent şäherinde 17 ýaşa çenli ýetginjek oglanlaryň arasynda geçirilýän Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) çempionlygy ugrundaky göreşi ýeňiş bilen başladylar. Alty ýurduň wekillerini bir ýerde jemlän ýaryşyň ilkinji duşuşygynda ildeşlerimiz owganystanly deň-duşlaryndan 1:0 hasabynda üstün çykdylar.
26.05.2025
4549
Türkmenistan bilen Hytaýyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi
2025-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
26.05.2025
4393
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Seul dostluk festiwalynyň çäklerindäki sergä gatnaşdy
2025-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Seul şäheriniň häkimliginiň guramagynda geçirilen Seul dostluk festiwalyna hem gatnaşdy.
26.05.2025
7393
Kiýew şäherinde Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
2025-nji ýylyň 25-nji maýynda Kiýew şäheriniň Magtymguly adyndaky kitaphanasynyň uly zalynda Aşgabat şäheriniň gününe we Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanan serginiň «Türkmenleriň medeniýeti we durmuşy.
26.05.2025
5430
«Ak şäherim Aşgabat – 2025» halkara maslahatynyň netijeleri
24-25-nji maýda «Olimpiýa» myhmanhanasynda geçirilen «Ak şäherim Aşgabat» XXIV halkara maslahaty türkmen paýtagtynyň geljekdäki ösüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boldy. Oňa gatnaşanlar, şol sanda halkara kompaniýalaryň wekilleri we öňdebaryjy bilermenler, innowasiýalary durmuşa geçirmäge ünsi jemlediler, olar innowasiýalary durmuşa geçirmäge, infrastrukturany ösdürmäge we «akylly» hem-de ekologiýa taýdan durnukly şäheri kemala getirmäge gönükdirdiler.
26.05.2025
3917
«Ak şäherim Aşgabat» köpugurly halkara sergisine we maslahatyna gatnaşyjylaryň teswirleri
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi. Çäre öňdebaryjy dünýä kompaniýalarynyň we ýolbaşçylarynyň ünsüni özüne çekdi, olar türkmen paýtagtynyň we sebitiň ösüş mümkinçiligi barada öz pikirini beýan etdiler.
26.05.2025
5730
Ýurdumyzda hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat
Hepdäniň birinji ýarymynda Türkmenistanda bulutly howa bolup, gysga wagtlyk ýagyş ýagar. Hepdäniň ahyryna howanyň temperaturasy ortaça +39 gradusa çenli gyzar.