Ï Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary Daşkentde geçirilýän CAFA 2025 çempionatynda Owganystanyň toparyny ýeňdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary Daşkentde geçirilýän CAFA 2025 çempionatynda Owganystanyň toparyny ýeňdi

view-icon 3449
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary Daşkentde geçirilýän CAFA 2025 çempionatynda Owganystanyň toparyny ýeňdi

Türkmen futbolçylary Özbegistanyň Daşkent şäherinde 17 ýaşa çenli ýetginjek oglanlaryň arasynda geçirilýän Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) çempionlygy ugrundaky göreşi ýeňiş bilen başladylar. Alty ýurduň wekillerini bir ýerde jemlän ýaryşyň ilkinji duşuşygynda ildeşlerimiz owganystanly deň-duşlaryndan 1:0 hasabynda üstün çykdylar.

Çempionatyň düzgünlerine laýyklykda, oňa gatnaşýanlar 2 toparça bölünýärler.

Bije atyşlygyň netijesinde Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary Owganystanyň we Täjigistanyň toparlary bilen bilelikde «B» toparça düşdi. «A» toparça Eýranyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň toparlary girýär. Toparlaýyn tapgyrda toparlar bir aýlawda oýnarlar. Soň toparlaryň ýeňijileri finalda duşuşarlar. Öz toparçasynda ikinji orny eýelän toparlar bürünç medallar ugrunda bäsleşerler. Şeýle hem bäşinji-altynjy ýer üçin teselli duşuşygy bolar. Duşuşyklaryň ählisi «Dostluk» stadionynda geçirilýär. «A» toparçanyň birinji duşuşygynda Özbegistanyň ýygyndy topary Gyrgyzystanyň toparyny 5:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etmek bilen, finala çykmakçydygyny bildirdi. «A» toparçadaky finalçynyň ykbaly bolsa, ähtimal, eýranly we özbegistanly ýaşlaryň arasyndaky geçjek duşuşykda kesgitlener.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary bu ýaryşda baş tälimçi Ahmet Allaberdiýewiň ýolbaşçylygynda çykyş edýär. Indiki tapgyrda türkmen futbolçylary täjigistanly deň-duşlary bilen duşuşarlar, olar Owganystanyň topary bilen-de duşuşmaly bolarlar.