18.04.2025
5092
Howanyň üýtgemegi bilen baglanşykly hereketleriň maliýeşdirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy
17-nji aprelde paýtagtymyzda döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagynda howa subsidiýalary boýunça pudagara geňeşmeler geçirildi.
18.04.2025
5735
Türkmenistanda «Owadan ýazuw» döredijilik bäsleşigi yglan edildi
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bäsleşigiň maksady ýaş nesliň ünsüni türkmen döwletiniň gözbaşlaryna, taryhyna, medeniýetine, şygryýetine we edebiýatyna, geçmişde we häzirki döwürde gazanan üstünliklerine çekmekdir.
18.04.2025
4630
Bekdurdy Amansaryýewden ussatlyk sapagy
Ýakynda köpýyllyk iş tejribesi bolan žurnalist Bekdurdy Amansaryýew Türkmenitanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplarynyň nobatdaky myhmany boldy. Söhbetdeşlerden interwýu almak okuw sapagynyň möhüm temasy hökmünde saýlanyp alyndy.
18.04.2025
5752
Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Magtymguly kitaphanasynyň muzeýiniň döredilmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli çäre geçirdi
2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy we Kiýew şäherindäki Magtymgulynyň adyny göterýän kitaphana tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Ýadygärlikleriň we taryhy ýerleriň halkara güni, şeýle-de Magtymguly kitaphanasynyň muzeýiniň döredilmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli medeni-bilim çäresi geçirildi.
17.04.2025
5089
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
17.04.2025
3694
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Gudraty Güýçli Allatagaladan Size şatlyk we abadançylyk, yslam ymmatyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk dileýärin.
17.04.2025
26695
«Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny
I. 2024-nji ýylyň 9-njy fewralyndaky «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2024 ý., № 1, 1-nji madda) 3-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:
17.04.2025
23006
1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna goşulmak hakynda Türkmenistanyň Kanuny
1988-nji ýylyň 11-nji noýabrynda London şäherinde gol çekilen 1966-njy ýylyň 5-nji aprelindäki Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli Teswirnama goşulmaly.
17.04.2025
5786
Türkmenistan telekommunikasiýalar pudagynda dünýä tejribesini ornaşdyrýar
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenip, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän şu ýylyň wakalary Watanymyzyň şanly ýyl ýazgysyna täze sahypa bolup ýazylýar.
17.04.2025
30587
«Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny
I. 2012-nji ýylyň 31-nji martyndaky «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 41-nji madda; 2013 ý., № 2, 29-njy madda, № 4, 83-nji madda; 2014 ý., № 2, 90-njy madda; 2015 ý., № 1, 38-nji madda; 2016 ý., № 1, 52-nji madda, № 3, 120-nji madda; 2017 ý., № 1, 20-nji we 39-njy maddalar, № 2, 81-nji madda, № 4, 136-njy madda; 2018 ý., № 2, 57-nji madda; 2019 ý., № 4, 78-nji madda; 2020 ý., № 3, 53-nji madda; 2021 ý., № 1, 24-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 55-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 2, 33-nji madda) şu goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmeli: