Ýakynda köpýyllyk iş tejribesi bolan žurnalist Bekdurdy Amansaryýew Türkmenitanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplarynyň nobatdaky myhmany boldy. Söhbetdeşlerden interwýu almak okuw sapagynyň möhüm temasy hökmünde saýlanyp alyndy.

Sapagyň başynda B.Amansaryýew žurnalistik žanr hökmünde interwýunyň köpsanly görnüşleri barada talyplara gürrüň berdi. Şeýle hem ol teleradioýaýlymlar hem-de metbugat neşirleri üçin taýýarlanylanda interwýu žanrynyň birnäçe aýratynlyklarynyň üstünde giňişleýin durup geçdi.

B.Amansaryýew halkara meselelerine degişlilikde interwýu almak meselelerine geçip, insterwýu alýanyň hünär biliminiň, söhbetdeşi bilen ara alyp maslahatlaşýan meselelerinde düşünjesiniň bolmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Sapagyň dowamynda talyplar ol ýa beýleki tema boýunça beýan edýän gürrüňini tamamlamagyna garaşman diýen ýaly, B.Amansaryýewe özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny berdiler. Şol sowallaryň köpüsi žurnalistleriň anyk işlerine, şol sanda dürli halkara çärelerini beýan etmekdäki tejribelerine degişli boldy. Tejribeli žurnalistiň jogaplary gozgalýan meseläniň esasy aýratynlyklaryny açyp görkezýän, ýeterlik derejede, doly beýan edilen häsiýetde boldy.
Duşuşygyň ahyrynda talyplar ýurduň tejribeli žurnalistleriniň biri bilen ýakyn wagtda täze duşuşyga garaşýandyklary baradaky arzuwlaryny biragzydan beýan etdiler.