28.09.2026
1812
Watan goragçylary sarpalanyldy
Ýurdumyzda baýramçylyk dabaralarynyň dowam edýän pursatlarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine, harby gullukçylaryna we serkerdelerine «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medalyny, ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak we nobatdaky harby atlary dakmak çäresiniň geçirilmegi baýramçylyk dabaralarynyň taryhy ähmiýetini has-da artdyrdy.
28.09.2026
2776
67 ýaşly žurnalist Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny 35 kilometrlik ylgaw bilen garşylady
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli 67 ýaşly žurnalist, ylgamak bilen meşgullanýan höwesjeň Nurmämmet Kakabaýew 35 kilometrlik aralygy üstünlikli geçdi. Bu çäre paýtagtymyzdaky durky täzelenen «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähinde geçirildi.
28.09.2026
2547
«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynda «Merw» toparyny utdy
Maryda Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 22-nji tapgyrynyň yza süýşürilen duşuşygy geçirildi, onda ýerli «Merw» topary öz meýdançasynda «Arkadag» toparyny kabul etdi.
28.09.2026
2233
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň we sebit guramalarynyň ýokary derejeli çärelerine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşdy.
28.09.2026
2177
Türkiýede we Pakistanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi
2026-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkiýe Respublikasynda we Pakistan Yslam Respublikasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi.
28.09.2026
2539
Tehnologiýa we ekologiýa: Çendu şäherine mediasyýahat
Häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasynda geçirilýän «Halkara maglumat merkezi» taslamasynyň çäklerinde žurnalistler üçin «China International Press Communication Center (CIPCC) 2026» halkara okuw maksatnamasynyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen žurnalistler, şol sanda türkmen žurnalisti üçin ýurduň dürli künjeklerine saparlar guralýar. Şeýle saparlaryň biri 21 – 24-nji sentýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Çendu şäherine guraldy.
27.09.2026
1737
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ösüşleriniň, üstünlikleriniň hem-de abadançylygynyň nyşanyna öwrülen Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.
27.09.2026
2097
Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Şu gün mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabaralary Watanymyzyň ähli künjegini gurşap aldy. Bagtyýar halkymyz bu möhüm senäni döretmek, gurmak, öňegidişlik we gülläp ösüş ýolunda gazanan ägirt uly üstünlikleri, uly baýramçylyk ruhy bilen garşylaýar.
27.09.2026
4154
Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we täze harby atlara mynasyp boldular
Mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny hem-de jemgyýetimizde kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi.
27.09.2026
1373
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Gruziýanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.