14.11.2026
1903
COP31-iň çäklerinde Hereketleriň Awaza maksatnamasyna bagyşlanan tematiki sessiýa geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji noýabrynda Antaliýa şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň pawilýonynda “Awazadan Antaliýa: howa hereketleriniň ilerledilişi we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirilişi” atly ikinji tematiki sessiýa geçirildi.
14.11.2026
1460
Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy Mejlisiň garamagyna hödürlendi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda esasy meseleleriň biri hökmünde ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň taslamasy we geljek ýyl üçin durmuş-ykdysady ösüşiň esasy maksatnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
14.11.2026
1880
Aşgabatda 19 – 20-nji noýabrda Ýewropanyň Medeniýet günleri geçiriler
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Ýewropanyň Medeniýet günlerini geçirmek baradaky teklibi makullady. Bu mesele Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
14.11.2026
687
Türkmenistanyň wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşar
2026-njy ýylyň 15 – 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Yslamabat şäherinde geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşmak üçin Pakistan Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrar.
14.11.2026
1827
Aşgabatda 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri yglan ediler
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny gowşurylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini tabşyrdy. Bu mesele Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
14.11.2026
1621
Bilim ulgamynda täze üstünlikler
2026-njy ýylyň 4-10-njy noýabry aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowise şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda halkara toparlaýyn matematika bäsleşigi (ISTCiM-2026) geçirildi. Abraýly bäsleşige Türkmenistanyň dokuz sany ýokary okuw mekdebiniň talyplary bilen birlikde Awstriýanyň, Beýik Britaniýanyň, Polşanyň, Sloweniýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.
14.11.2026
282
Türkmenistan COP31-iň çäklerinde nobatdaky tematiki sessiýany geçirdi
2026-njy ýylyň 14-nji noýabrynda Antalýa şäherinde geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde Türkmenistan «Howa boýunça hasabatlylyk we aýdyňlyk: parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ählumumy tagallalara Türkmenistanyň goşandy» atly nobatdaky tematiki sessiýany geçirdi.
14.11.2026
1348
Migrasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
10-11-nji noýabry aralygynda Çehiýa Respublikasynyň paýtagty Pragada Praga prosesiniň Ýokary derejeli wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Halkara maslahata birnäçe döwletiň we halkara guramalaryň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.
14.11.2026
940
Türkmenistan BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
11-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mahir Safarli bilen duşuşyk geçirildi.
14.11.2026
1500
Halkara hyzmatdaşlyk – ylmy ösüşiň binýady
Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde Türkmenistanyň wekilleriniň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Ýadro energetikasy departamentiniň Meýilnamalaşdyryş, maglumat we bilimleri dolandyrmak bölüminiň direktory Wei Huang bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew hem gatnaşdy.