Ï Migrasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Migrasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

view-icon 1246
Migrasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
Migrasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
Migrasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
Migrasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

10-11-nji noýabry aralygynda Çehiýa Respublikasynyň paýtagty Pragada Praga prosesiniň Ýokary derejeli wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Halkara maslahata birnäçe döwletiň we halkara guramalaryň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda sebit we ählumumy derejede migrasiýa akymlaryny dolandyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de öňdebaryjy tejribeleri alyşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de Praga prosesiniň 2028-2032-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasynyň esasy ugurlaryna garaldy.

Maslahatyň gün tertibinde migrasiýa ulgamynda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek we innowasion çözgütleri ornaşdyrmak ýaly möhüm meseleler hem öz beýanyny tapdy. Gatnaşyjylar häzirki zaman tehnologiýalarynyň migrasiýa proseslerini netijeli dolandyrmakdaky ähmiýetini aýratyn bellediler.

Pragada geçirilen duşuşyk halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, tejribe alyşmak we migrasiýa ulgamynda döwletleriň hem-de halkara guramalaryň tagallalaryny utgaşdyrmak babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň şeýle halkara çärelere işjeň gatnaşmagy ýurdumyzyň migrasiýa ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşant goşýar.