Ï Halkara hyzmatdaşlyk – ylmy ösüşiň binýady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara hyzmatdaşlyk – ylmy ösüşiň binýady

view-icon 1304
Halkara hyzmatdaşlyk – ylmy ösüşiň binýady

Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde Türkmenistanyň wekilleriniň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Ýadro energetikasy departamentiniň Meýilnamalaşdyryş, maglumat we bilimleri dolandyrmak bölüminiň direktory Wei Huang bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew hem gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda ylym, bilim we atom hem-de radiasiýa tehnologiýalaryny parahatçylykly maksatlar üçin ulanmak boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, saglygy goraýyş, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini dolandyrmak ulgamlarynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine üns berildi.

Türkmenistanyň wekili ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikler, döwrebap lukmançylyk merkezleriniň döredilmegi, ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň ornaşdyrylmagy we milli hünärmenleriň taýýarlanylmagy barada maglumat berdi. Şunda 2026-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabat şäherinde açylan 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi aýratyn bellenildi. Merkezde häzirki zaman anyklaýyş we şöhle bilen bejeriş tehnologiýalary ulanylýar.

Şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetinde şöhle anyklaýşy, şöhle bejergisi we onkologiýa ugurlary boýunça hünärmenleriň taýýarlanylýandygy, kliniki ordinatorlaryň okadylýandygy hem-de lukmanlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylýandygy nygtaldy.

Duşuşykda 2016-njy ýyldan bäri Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň agzasy bolup durýan Türkmenistanyň agentlik bilen radiasiýa howpsuzlygy, onkologik keselleri anyklamak we bejermek, hünärmenleri taýýarlamak ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de ýurdumyzyň 2026-njy ýylda öňe süren «Atoms for LLDCs» atly halkara başlangyjynyň ähmiýeti bellenildi.

Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň wekili öz gezeginde Agentligiň bilim maksatnamalary, halkara okuw maslahatlary, hünär kämilleşdiriş okuwlary, ylmy tejribe alyşmak we ýadro bilimlerini dolandyrmak boýunça mümkinçilikleri barada gürrüň berdi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar bilim we ylym ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, türkmen hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga hem-de parahatçylykly atom tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga taýýardyklaryny tassykladylar.