Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny gowşurylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini tabşyrdy. Bu mesele Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çärä görülýän taýýarlyk işleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Mämmedow hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu bäsleşige «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýaşlaryň köp sanlysy hödürlenip, şolardan ylymda, bilimde, sportda, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, senagatda, oba hojalygynda üstünlikleri gazanan, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlar Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp görüldi.
16-njy noýabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.