2026-njy ýylyň 15 – 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Yslamabat şäherinde geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşmak üçin Pakistan Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrar. Öňde boljak çärelere görülýän taýýarlyk meseleleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibine laýyklykda, YHG-nyň çäklerinde söwda, ulag, energetika we beýleki ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine serediler. Onuň netijeleri boýunça Yslamabat Beýanatynyň we «Ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik maksatlary – 2035» strategiýasynyň kabul edilmegi meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy we Pakistanda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Yslamabatda guraljak Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň 6-njy mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda taýýarlanan resminamalara gol çekip, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.