Ï Bilim ulgamynda täze üstünlikler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bilim ulgamynda täze üstünlikler

view-icon 1192
Bilim ulgamynda täze üstünlikler

2026-njy ýylyň 4-10-njy noýabry aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowise şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda halkara toparlaýyn matematika bäsleşigi (ISTCiM-2026) geçirildi. Abraýly bäsleşige Türkmenistanyň dokuz sany ýokary okuw mekdebiniň talyplary bilen birlikde Awstriýanyň, Beýik Britaniýanyň, Polşanyň, Sloweniýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bäsleşigiň şahsy hasapda geçirilen tapgyrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Garlyýew Oguzhan birinji orna mynasyp bolup, altyn medal gazandy. Annageldiýew Halymmuhammet we Myratgeldiýew Halmyrat bolsa üçünji orny eýeläp, bürünç medallara mynasyp boldular.

Polşada geçirilen bäsleşikde gazanylan netijeler ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge, ýaşlaryň intellektual mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.