11-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mahir Safarli bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň bu halkara guramanyň Sebitleýin wekilhanasy bilen bilelikde durmuşa geçirýän taslamalarynyň geljegini we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Duşuşykda Türkmenistanyň 2024-nji ýylda BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Maksatnamasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda öz çägindäki raýatsyzlygyň ähli ýagdaýlary boýunça işleri üstünlikli tamamlandygy aýratyn bellenildi. Bu tejribe ýurdumyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm netijeleriniň biri hökmünde nygtaldy.
Mundan başga-da, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryň hem-de maksatnamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, halkara migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek meselelerine garaldy.
Türkmenistanyň halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen tagallalary dünýäde parahatçylygy, ynsanperwerligi we özara düşünişmegi pugtalandyrmak ýaly asylly maksatlara esaslanýar. Raýatsyzlyk meselelerini çözmek we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmak boýunça alnyp barylýan işler ýurdumyzyň halkara giňişligindäki ynsanperwer başlangyçlarynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu bolsa ýurdumyzyň umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen başlangyçlara işjeň goşant goşýandygyny görkezýär.