07.03.2024
5755
KHBS üçin habar
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri goňşy döwletler bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek bolup durýar.
07.03.2024
5204
Paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Dynç günlerinde paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary üçin baýramçylyk mynasybetli gyzykly medeni çäreler garaşýar.
07.03.2024
5997
Zenan gözelliginiň dünýäsi muzeý sergisinde
Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanan «Zenanlar – gözellik dünýäsi» atly sergi açyldy.
07.03.2024
7262
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň III möwsüminiň VII oýny geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň III möwsüminiň VII saýlama bäsleşigi geçirildi.
07.03.2024
6437
Türkmen zenanlarynyň ylmyň ösüşine goşantlary
Zenanlar ýurdumyzyň dürli ugurlarda gazanan üstünliklerine, şol sanda, ylmyň, innowasiýalaryň we tehnologiýalaryň ösüşine möhüm goşant goşýarlar.
07.03.2024
8082
«Ahal» topary çempionaty ýeňiş bilen başlady
Ýokary liganyň klublarynyň arasynda futbol boýunça 2024-nji ýylda Türkmenistanyň çempionatynyň birinji tapgyry Aşgabatda, Ahal welaýatynda we Balkanabatda üç oýun bilen tamamlandy.
07.03.2024
5266
Aşgabatdan Milana we Hoşimine täze ugurlar açyldy
5-nji martda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ilkinji uçary türkmen paýtagtynyň Halkara howa menzilinden Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat ugry boýunça gatnawy amala aşyrdy.
07.03.2024
5247
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
6-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň ADA uniwersitetiniň wekilleri ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine bagyşlanan onlaýn duşuşygyny geçirdiler.
07.03.2024
9766
«Talyp gözeli – 2024» bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi
Däp bolşy ýaly, Aşgabatda Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda ýokary okuw mekdepleriň talyp gyzlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän «Talyp gözeli» bäsleşiginiň jemleri jemlenýär. Jemleýji tapgyrda ýurdumyzyň esasy ýokary okuw mekdeplerine wekilçilik edýän 22 talyp gözellik ady ugrunda bäsleşdi.
06.03.2024
6610
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2024-nji ýylyň ilkinji iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.