Ï Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş geçiriler

view-icon 3137
Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş geçiriler

2024-nji ýylyň 15–20-nji aprelinde Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde degişli Karara gol çekdi.

Bu ýaryş paýtagtymyzyň Sportuň gyşky görnüşleri toplumynda, resminamada bellenilişi ýaly, dostlugy we doganlygy, halklaryň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylygy geljekde-de pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ýaş nesli sporta giňden çekmek, şeýle hem ýurduň sport abraýyny mundan beýlägem artdyrmak maksady bilen geçirilýär. 

«AA»-nyň habarçysyna Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde aýdylyşy ýaly, ýaryşa azyndan 10 toparyň, şol sanda Belarusyň, Bahreýniň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Omanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň toparlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Ýaryşa gatnaşyjylaryň gutarnykly sanawy soňrak yglan ediler.

Ýaryşda Türkmenistanyň toparyna ýurdumyzyň sekiz gezek çempiony bolan Içeri işler ministrliginiň «Galkan» sport topary wekilçilik eder.

Ýakyn günlerde türkmen hokkeýçilerine jogapkärli ýaryşda çynlakaý synag garaşýar. Milli ýygyndy 10–16-njy mart aralygynda Bişkekde geçiriljek «A» toparyň üçünji diwizionynyň dünýä çempionatyna gatnaşar. Gyrgyz Respublikasynyň, Lýuksemburgyň, Meksikanyň, Tailandyň, Türkmenistanyň we GAR-yň toparlary «B» toparynyň ikinji bölüminde ýeke-täk ýer ugrunda bäsleşer.

Ýetginjekler toparymyz bolsa 4–7-nji mart aralygynda Keýptaun şäherinde Gonkongyň, Tailandyň, Türkmenistanyň we GAR-yň toparlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek «B» toparyň üçünji diwizionynyň dünýä çempionatynda çykyş eder.

Türkmen ýetginjekleri şeýle derejeli ýaryşda ilkinji gezek çykyş ederler, hokkeýçilerimiz bu ýaryşa Guwanç Jeparowyň we Maksat Ataýewiň ýolbaşçylygynda taýýarlandylar.

Geçen ýyl Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy BAE-niň, Özbegistanyň, Mongoliýanyň, Tailandyň we Eýranyň toparlarynyň gatnaşmagynda ýaşy 18-e çenli oýunçylaryň arasynda Ulan-Batorda geçirilen Aziýanyň we Okeaniýanyň ilkinji çempionatynda kümüş medal eýeledi.