«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň toparlarynyň arasynda geçirilýän çempionatyň 25-nji tapgyrynyň yza süýşürilen duşuşygynda Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyndan ynamly üstün çykdy. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşligindäki stadionda geçirilen duşuşyk myhmanlaryň 4:0 hasabynda ýeňilmegi bilen tamamlandy.
Duşuşygyň ykbaly eýýäm birinji ýarymda çözüldi. Öý eýeleri 23 minudyň dowamynda garşydaşyň derwezesine dört pökgi geçirdiler. Duşuşygyň 17-nji minudynda Resul Hojaýew 11 metrlik jerime urgusyny ynamly ýerine ýetirip, hasaby açdy. Onuň urgusyndan 15 minut soň Baýram Ataýew öý eýeleriniň artykmaçlygyny iki esse artdyrdy. 39-njy minutda Ýazgylyç Gurbanow üçünji pökgini geçirip, hasaby uly tapawut bilen öňe çykardy. Duşuşygyň 40-njy minudynda bolsa Begenç Akmämmedow dördünji goly geçirip, oýnuň gutarnykly netijesini – 4:0 hasabyny kesgitledi.
Ilkibaşda bu duşuşygy 1-nji noýabrda geçirmek meýilleşdirilipdi. Emma Türkmenistanyň häzirki çempionyna möhüm halkara duşuşygyna doly taýýarlyk görmek mümkinçiligini döretmek maksady bilen, oýun has irki senä geçirildi.
«Şagadam» topary bilen geçirilen duşuşyk «Arkadag» topary üçin AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň ikinji tapgyrynyň duşuşygynyň öňüsyrasyndaky soňky taýýarlyk oýny boldy. Eýýäm 14-nji oktýabrda türkmen topary Abu-Dabi şäherinde, Muhammed bin Zaýed adyndaky stadionda ýerli «Al-Jazira» topary bilen myhmançylykda duşuşar.
«Arkadag» toparynyň garşydaşy örän güýçli topar hasaplanýar. Birleşen Arap Emirlikleriniň 2026/27-nji ýyllaryň Pro-ligasynda «Al-Jazira» topary bäş tapgyrdan soň 13 utuk bilen birinji orunda barýar. Topar dört duşuşykda ýeňiş gazanyp, bir gezek deňme-deň oýnady, pökgüleriň gatnaşygy bolsa 11:2 boldy. Ol goşmaça görkezijiler boýunça «Al-Aýn» toparyndan öňde durýar.
«Transfermarkt» portalynyň maglumatlaryna görä, emirlik toparynyň düzüminde liganyň iň gymmat futbolçylarynyň hataryna girýän dört oýunçy çykyş edýär. Olar braziliýaly Malkom (18 million ýewro) we Taliska (7 million ýewro), alban futbolçy Kristýan Aslani (12 million ýewro) hem-de nigeriýaly Entoni Dennis (8 million ýewro).
Ýatladyp geçsek, AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji duşuşygy «Arkadag» topary üçin üstünlikli boldy. Türkmen topary öz meýdançasynda Bahreýniň «Al-Muharrak» toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 52-nji minutda burçdan berlen pökgini kelle urgusy bilen derwezä gönükdirip, Mekan Saparow geçirdi.
«B» toparçasyndaky beýleki duşuşykda Eýranyň «Gol Gohar» we «Al-Jazira» toparlarynyň 0:0 hasabynda deňme-deň oýnamagy netijesinde, «Arkadag» topary üç utuk bilen ýaryş tertibinde öňdeligi eýeleýär. Ikinji we üçünji orunlary hersiniň hasabynda bir utuk bolan «Al-Jazira» hem-de «Gol Gohar» toparlary paýlaşýar. Bahreýniň «Al-Muharrak» topary bolsa entek hiç bir utuk gazanyp bilmän, toparçanyň soňky ornunda ýerleşýär.
Milli derejede bolsa döwlet ähmiýetli şäheriň adyny göterýän toparyň çempionlyk meselesi eýýäm çözüldi. «Arkadag» topary Türkmenistanyň çempiony diýen dördünji adyny möhletinden öň, ýaryşyň tamamlanmagyna bäş tapgyr galanda kepillendirdi. Bu netije 23-nji tapgyryň yza süýşürilen duşuşygynda «Ahal» toparynyň 4:0 hasabynda ýeňilmegi bilen gazanyldy.
Çempionatyň iň köp gol geçiren oýunçysy ugrunda geçirilýän bäsleşikde hem «Arkadag» toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew ynamly öňdeligi eýeleýär. Soňky dört möwsümiň iň netijeli hüjümçisiniň hasabynda 22 gol bar. Olaryň dördüsi 11 metrlik jerime urgularyndan geçirildi. Onuň iň ýakyn yzarlaýjysy – «Ahal» toparynyň hüjümçisi Süleýman Mirzoýew – ondan ep-esli yza galýar. Mirzoýewiň hasabynda 10 gol bolup, olaryň ikisi 11 metrlik jerime urgularyndan geçirildi.