Ï 2024-nji ýylda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň tertibi üýtgedildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2024-nji ýylda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň tertibi üýtgedildi

view-icon 2904
2024-nji ýylda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň tertibi üýtgedildi

3-nji martda başlanýan 2024-nji ýylda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty dört aýlawda geçiriler.

Çempionlyk ugrunda 9 topar bäsleşer. Üç topar – «Altyn asyr», «Aşgabat» we «Köpetdag» paýtagtymyza, Balkanabatdan «Nebitçi» we Türkmenbaşydan «Şagadam» Balkan welaýatyna, «Merw» we «Energetik» Mary welaýatyna, «Ahal» Ahal welaýatyna, «Arkadag» topary bolsa döwlet derejeli adybir şähere wekilçilik eder.

2023-nji ýylda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty 9 toparyň gatnaşmagynda üç aýlawda geçirilipdi. Onda «Arkadag» topary ilkinji gezek ýeňiji boldy. Milli çempionatyň kümüş medalyny bassyr ikinji gezek «Altyn asyr» eýeledi, Balkanabadyň «Nebitçisi» bolsa 7-nji gezek bürünç medala mynasyp boldy.

«Ahal» toparynyň hüjümçisi Elman Tagaýew geçen möwsümde Türkmenistanyň iň güýçli futbolçysy diýlip ykrar edildi. «Arkadag» toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew bolsa 27 pökgi bilen öňdeligi eýeledi.

Geçen ýylky milli çempionatyň jemi boýunça «Altyn asyr» topary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň döreden we iň gowy düzgün-tertipli baýragyna mynasyp boldy.