07.12.2023
6133
Aşgabatda Türkmenistanyň we Owganystanyň demirýol ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
Dekabr aýynyň ikinji ýarymynda Türkmenistandan inžener-tehniki hünärmenler topary Owganystana baryp, goňşy ýurtda demirýol gurluşygynyň şertleri bilen tanyşarlar we taslamalaryň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy üçin maglumat ýygnarlar. Bu barada iki ýurduň demirýol ýolbaşçylarynyň Aşgabatda geçen gepleşiklerinde ylalaşyldy.
07.12.2023
4499
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi
2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bilen duşuşdy.
07.12.2023
7323
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşniň Halkara gatnaşyklar boýunça Komitetiniň Başlygy bilen duşuşygy
2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda RF-ne iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara gatnaşyklar boýunça Komitetiniň Başlygy Grigoriý Karasiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
07.12.2023
6126
«Şagadam» futbol topary 2023-nji ýylda AFK-nyň Kubogy ugrunda ýaryşa gatnaşan topary utdy
Futbol boýunça ýokary liganyň klublarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň 23-nji tapgyry Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamynyň» «Merw» toparyny 2:1 hasabynda utmagy bilen tamamlandy. Oýun Türkmenbaşy şäherinde geçirildi.
06.12.2023
8014
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.
06.12.2023
6683
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmazy kabul etdi.
06.12.2023
5766
Nýu-Delide Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi
Ýakynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçihanasy «Hindistan –Merkezi Aziýa» gaznasy bilen bilelikde Nýu-Delide «Magtymguly Pyragy we Gündogaryň ruhy hem-de medeni dünýäsi» atly maslahat geçirdi.
06.12.2023
8195
Türkmenistan - Türkiýe: ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda
Şu gün geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň esasy meselesi geljek üçin ägirt uly mümkinçilikleri hasaba almak arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden ybarat boldy.
06.12.2023
8111
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasiýa ylmy-okuw merkezi: pudagyň kärhanalarynyň sanly ulgama geçmegine goşandy
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň hünärmenleri sanly özgertmeleriň ösmegine we nebit-gaz pudagynyň kärhanalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýän programma üpjünçiligi, maglumat we tehniki goldaw ulgamynda saldamly binýat döretdiler.
06.12.2023
7445
Baýramçylyk söwdasy ýola goýuldy
5-nji dekabrdan başlap Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Halkara Bitaraplyk gününe we ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan baýramçylyk söwdasy ýola goýuldy.