Ï Baýramçylyk söwdasy ýola goýuldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Baýramçylyk söwdasy ýola goýuldy

view-icon 3767
Baýramçylyk söwdasy ýola goýuldy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

5-nji dekabrdan başlap Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Halkara Bitaraplyk gününe we ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan baýramçylyk söwdasy ýola goýuldy.

Ýakynda geçirilen iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakyn wagtda geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylygyny we göçme söwda nokatlarynda haryt bolçulygyny üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz raýatlarymyzyň baýram supralarynda dürli önümleriň bolmalydygyny nygtady.

Baýramçylyklarda dürli tagamlardan doly naz-nygmatly desterhan açmak halkymyzyň asylly däplerinden biridir. Baýram günlerinde her bir türkmen maşgalasy milli tagamlary taýýarlaýar we baýramy bilelikde dabaraly bellemek üçin gadyrly myhmanlary kabul edýär.

Raýatlara amatly bolmagy üçin göçme söwda nokatlary diňe merkezi bazarlarda däl, eýsem, ýaşaýyş ýerlerine ýakyn aralykda hem açylýar we olar ýurdumyzyň öňdebaryjy öndürijileriniň azyk önümlerini hödürleýärler.

Söwda tekjelerinde ýarmalar we un önümleri, süýji-köke, tebigy şireler we gazlandyrylan içgiler, sowgat toplumlary, möwsümleýin miweler we gök önümler bar. Mundan başga-da, bu ýerde emeli arça agaçlaryny, arça bezeglerini, ýadygärlik sowgatlaryny, oýunjaklary we senenamalary satyn alyp bolýar.

Baýramçylygyň bosagasynda söwda iri söwda merkezlerinde has gyzgalaňly bolýar. Şeýle ýerlerde eýýäm özüňi ertekiler dünýäsine düşen ýaly duýmak bolýar. Hususan-da, paýtagtymyzyň merkezi bazarlarynda et we balyk önümleriniň, peýnirleriň, gaplanan we duza ýatyrylan önümleriň, şöhlatdyr beýleki kakadylan datly önümleriň dürli görnüşi hödürlenýär.

Satylýan önümleriň dürlüligini nazara alsaň, baýramçylyk desterhanyny doldurmak kyn bolmaz.