22.02.2023
4211
Türkmenistanyň Prezidenti Bruneý-Darussalam Döwletiniň Soltanyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bruneý-Darussalam Döwletiniň Soltany Hajy Hassanal Bolkiaha Bruneý-Darussalam Döwletiniň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
22.02.2023
4650
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi.
22.02.2023
6893
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna ygrarlylyk tassyklanyldy
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Aşgabatda öz işini tamamlaýan BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen zenanlaryň duşuşygy geçirildi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
22.02.2023
5048
Türkmenistanyň Mejlisindäki duşuşyk
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen duşuşyk geçirildi.
22.02.2023
10654
«Parahatlygyň ýaş çaparlary»: bäsleşigiň ikinji möwsüminiň üçünji oýnunyň netijeleri
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň orta mekdep okuwçylarynyň arasynda «Parahatlygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň ikinji möwsüminiň birinji seçip alyş tapgyrynyň üçünji oýny geçirildi.
22.02.2023
9943
Paýtagtymyzda binagärlik-taslama döredijilik sergisi geçiriler
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli binagärligiň ösüşi» - şeýle at bilen türkmen paýtagtynda şu ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýanyň Tehnologiýalar merkezinde binagärlik-taslama döredijilik sergisi geçiriler.
22.02.2023
9984
Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy ylmy-edebi jemgyýetçiligiň üns merkezinde
Türkmenistanda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyga taýýarlyk işleri dowam edýär.
22.02.2023
9341
«Gar şazenany»: häzirki zaman röwüşli köne erteki
«ArtIst» teatrynyň sahnasynda Ýewgeniý Şwarsyň Hans Kristian Anderseniň adybir ertekisi boýunça «Gar şazenany» pýesasy esasynda goýlan oýnuň tabşyrylyşy uly üstünlik bilen geçdi.
22.02.2023
4109
Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýn Patyşalygynyň ýokary ordeni bilen sylaglanyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bahreýn Patyşalygynyň ýokary döwlet sylagy — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordeni bilen sylaglanyldy.
22.02.2023
35947
Çäklendirilmedik internet üçin täze nyrhnamalar
Şu ýylyň 1-nji martyndan «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ öz müşderilerine Internet hyzmatlaryna birikmegiň tizligini ýokarlandyrmak, şeýle hem degişli nyrhlary arzanlatmak boýunça amatly şertleri teklip edýär. Bu barada AŞTU-nyň resmi saýtynda habar berilýär.