Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň
Milli Lideri,
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistanyň täze döredilen Halk Maslahatyna watandaşlarynyň uly hormatyna hem-de daşary ýurtlarda belent abraýa eýe bolan tejribeli, parasatly döwlet işgäri ýolbaşçy bellenildi.
Şeýle hem Täjigistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglarymy beýan etmäge rugsat ediň! Gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine hil taýdan täze derejä çykarmak üçin Siziň bilen bilelikde tagalla etmäge taýýardyryn.
Jenap Başlyk, Size berk jan saglyk, mundan beýläk-de üstünlik, ähli maksatlaryňyzyň durmuşa geçirilmegini arzuw edýärin.
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Rustam EMOMALI,
Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň
Oli Majlisiniň Başlygy.