Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bahreýn Patyşalygynyň ýokary döwlet sylagy — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordeni bilen sylaglanyldy.
Resmi duşuşyklar tamamlanandan soňra Bahreýniň Patyşasy Şeýh Hamad bin Isa Al Halifa döwlet Baştutanymyzy Patyşalygyň ýokary ordeni bilen sylaglamak barada çözgüde gelendigini aýtdy.
Dabaraly ýagdaýda Bahreýniň Patyşasy hormatly Prezidentimize Patyşalygyň ýokary döwlet sylagy gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyz bu ýokary sylag üçin minnetdarlyk bildirip, ony Türkmenistana, türkmen halkyna hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini belledi.