21.09.2025
6073
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Nýu-Ýorka ugrady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
21.09.2025
8680
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler geljegiň röwşen ýollaryny gurmagyň mizemez binýadydyr
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, täze taryhy eýýamda halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.
21.09.2025
6225
Türkmen samboçylary Duşanbe şäherinde geçirilýän Dünýä Kubogy ýaryşynyň birinji gününde bäş medal gazandylar
Täjigistanyň Duşenbe şäherinde başlanan Dünýä Kubogy ýaryşynyň ilkinji gününde türkmenistanly samboçylar 5 medal – 2 altyn, 2 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp boldular.
21.09.2025
5035
«Ahal» futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky ýaryşy Hindistanyň çempionyndan üstün çykyp, ýeňiş gazanmakdan başlady
«Ahal» toparynyň futbolçylary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynda «С» toparçadaky ilkinji duşuşykda Hindistanyň «Mohun Bagan» toparyny 1:0 hasabynda ýeňip, ýaryşa üstünlikli başladylar.
21.09.2025
4071
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we Premýer-ministri Nikol Paşinýana hem-de ýurduň ähli halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
20.09.2025
6685
Watanymyzyň bähbidine döredijilikli zähmet üçin döwlet sylaglary gowşuryldy
Şu gün paýtagtymyzda dürli pudaklarda zähmet çekýän, Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, onuň halkara abraýyny artdyrmaga uly şahsy goşandyny goşan işgärlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň hünärmenlerine, döredijilik işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabarasy boldy.
20.09.2025
5159
Türkmenistan Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ulag geçelgeleriniň infrastrukturasyny giňeltmegi dowam etdirer
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta üstaşyr ugurlaryň infrastrukturasynyň giňeldilmegini möhüm maksatlaryň biri hökmünde kesgitledi.
20.09.2025
4929
Türkmenistanda Bitaraplyk syýasatynyň hukuk esaslary barada Konstitusion kanun işlenip düzüldi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzyň hemişelik, oňyn Bitaraplyk syýasatynyň döwletimiziň milli kanunçylygyndaky ornuny has-da berkitmek maksady bilen, «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyň taslamasynyň işlenip düzülendigini habar berdi.
20.09.2025
4498
Türkmenistanda karbamid öndürjek iri senagat toplumynyň gurluşygy başlanar
«Mitsubishi Heavy Industries Ltd.» (Ýaponiýa) we «Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Tiсaret Anonim Şirketi» (Türkiýe Respublikasy) Türkmenistanda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürjek senagat toplumyny gurar.
19.09.2025
13397
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baş baýramymyzy — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyny şanly wakalar we zähmet üstünlikleri bilen garşy alýarys.