Ï Türkmenistan «EKSPO – 2027» sergisinde öz gazananlaryny görkezer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan «EKSPO – 2027» sergisinde öz gazananlaryny görkezer

view-icon 122
Türkmenistan  «EKSPO – 2027» sergisinde öz gazananlaryny görkezer

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Serbiýanyň paýtagtynda geçiriljek «EKSPO – 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy baradaky teklibi makullady.

Türkmenistan öz pawilýonyny «Türkmenistan – parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany» diýen manyly şygar astynda görkezer. Bu konsepsiýasy Belgraddaky serginiň «Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin» diýen umumy mowzugy bilen sazlaşykly utgaşýar.

Wise-premýer N.Atagulyýew ekspozisiýany guramak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda milli pawilýonyň gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini we medeni mirasyny dabaralandyrjak diwarlyklaryň özboluşly bezeg we enjamlaşdyryş taslamalary işlenip düzülýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow munuň ýaly ählumumy forumlara yzygiderli gatnaşmagyň Türkmenistanyň gazananlaryny dünýä derejesinde wagyz etmekde netijeli guraldygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.