Ï Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýumlarynyň möçberi 2026-njy ýylda 41 milliard 200 million manatdan geçer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýumlarynyň möçberi 2026-njy ýylda 41 milliard 200 million manatdan geçer

view-icon 52
Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýumlarynyň möçberi 2026-njy ýylda 41 milliard 200 million manatdan geçer

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 23-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş edip, ýurdumyzy ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli 41 milliard 200 million manatdan gowrak möçberde düýpli maýa goýumlaryň özleşdiriljekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda alnyp barylýan maýa goýum syýasatynyň ykdysadyýetimizi depginli ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi. Önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler gönükdirildi. Bu serişdelerden önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 68,5 göterimi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin hem 31,5 göterimi goýberildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan wezipeleri geljek ýyl hem üstünlikli ýerine ýetirmek üçin, «Türkmenistany 2027-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» işläp taýýarlamagy tabşyrdy.