Ï Türkmenistanda halkara ähmiýetli awtomobil ýollarynyň giň gerimde ösdürilmegi dowam etdirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda halkara ähmiýetli awtomobil ýollarynyň giň gerimde ösdürilmegi dowam etdirilýär

view-icon 56
Türkmenistanda halkara ähmiýetli awtomobil ýollarynyň giň gerimde ösdürilmegi dowam etdirilýär

Türkmenistanda awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak we olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Bu barada 23-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu ýyl umumy uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary – Türkmenabat bölegi açylyp ulanmaga berildi.

Häzirki wagtda Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Şeýle hem şu ýyl möhüm ähmiýeti bolan Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek işine badalga berilmegi meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzy öňdebaryjy senagat we ýokary tehnologiýaly önümçilik merkezine öwürmegi maksat edinýändigini nygtady.