Ï Türkmenistanyň Prezidenti mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli 336 raýatyň günäsini geçdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli 336 raýatyň günäsini geçdi

view-icon 109
Türkmenistanyň Prezidenti mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli 336 raýatyň günäsini geçdi

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsiniň geçilýändigini belledi. Gol çekilen resminama laýyklykda, ýurdumyzyň raýatlarynyň 336-sy mundan beýläkki jeza çekmekden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanynda bu çözgüdiň pederlerimiziň rehimlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alnyp, türkmen jemgyýetiniň agzybirligini pugtalandyrmak hem-de her bir maşgalanyň abadançylygy baradaky aladadan gelip çykýandygy bellenilýär.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýew alnyp barlan degişli işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş kesilenleri gysga möhletde tussaglykdan boşatmak we olaryň öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmagyny guramak barada tabşyryk berdi.

Şol bir wagtyň özünde, döwlet Baştutanymyz günäsi geçilenlere mynasyp raýatlar bolup, Watanymyzyň bähbidine yhlasly zähmet çekmegi we halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy arzuw etdi.