19.09.2025
6476
Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň KARARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Welaýatlarda medeni-durmuş we önümçilik maksatly täze, döwrebap desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär, bu ugurda uly möçberli gurluşyk işleri ýokary depginde dowam etdirilýär.
19.09.2025
5414
Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli biologiýa dersi boýunça olimpiada geçirildi
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersi boýunça olimpiadanyň jemleýji tapgyry hem-de ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
19.09.2025
5190
Türkmenistanyň wekiliýeti Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Baş konferensiýasynyň 69-njy mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 15–19-njy sentýabry aralygynda Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) 69-njy mejlisiniň işine gatnaşdy.
19.09.2025
4758
Wena şäherinde ýadro tehnologiýalarynyň Hereketleriň Awaza Maksatnamasynyň çäklerinde ulanylyşy ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Awstriýanyň Wena şäherinde, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) 69-njy Baş konferensiýasynyň işine gatnaşmagynyň çäklerinde, IAEA-nyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan «Awaza Programme of Action: Atoms for LLDCs» atly ugurdaş çäre gurnaldy.
19.09.2025
13798
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlady
Şu gün paýtagtymyzyň «Maslahat köşgünde» türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär.
19.09.2025
5891
Watanymyzyň Garaşsyzlygy ýaş nesil suratkeşleriniň gözi bilen
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen suratkeşleriň eserleriniň sergisi açyldy. Bu sergä Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň işjeň gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýedir.
18.09.2025
6367
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady
Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady.
18.09.2025
5799
Awazada halkara forum geçirilýär
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, göni maýa goýumlary çekmäge we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bu çäre ýurdumyzyň hem-de dünýäniň işewür jemgyýetçiligi üçin möhüm wakalaryň biri bolar.
18.09.2025
7611
«Arkadag» futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň ilkinji duşuşygynda «Andijon» topary bilen deňme-deň oýnady
«Arkadag» futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň «B» toparçasyndaky ilkinji duşuşygynda Özbegistanyň «Andijon» topary bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnap, ilkinji utugyny gazandy.
18.09.2025
5349
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan baý mazmunly medeni çäreler
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň öňüsyrasynda oňa gatnaşýanlarda ýurdumyzyň baý medeniýetiniň jümmüşine aralaşmak mümkinçiligi boldy. Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň teatrlarynda, kinoteatrlarynda, muzeýlerinde we konsert zallarynda hakyky ylham çeşmesine öwrülen giňişleýin medeni maksatnama ýola goýuldy.