Ï Zeýkeşleri çekmek we bar bolanlarynyň durkuny täzelemek işleri alnyp barylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Zeýkeşleri çekmek we bar bolanlarynyň durkuny täzelemek işleri alnyp barylýar

view-icon 234
Zeýkeşleri çekmek we bar bolanlarynyň durkuny täzelemek işleri alnyp barylýar

«Daşoguzýersuwgurluşyk» hojalyk hasaplaşygyndaky önümçilik kärhanasynyň işgärleri täze zeýkeş-zeýakaba ulgamlaryny çekmek we hereket edýänleriniň durkuny täzelemek işlerini alyp barýarlar.

Ýakynda kärhananyň maddy-tehniki binýady Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen täze ponton görnüşli ýer gazyjy gämi bilen dolduryldy. Howdanlaryň düýbüni çuňaltmak we arassalamak işleri üçin niýetlenen bu ýöriteleşdirilen gämi özüniň ýokary öndürijiligi hem-de işlenip düzülmeginiň çuňlugy, gurmaga, ulanmaga we tehniki hyzmat etmäge amatlylygy bilen tapawutlanýar.

Golaý wagtda şunuň ýaly ýer gazyjy gämileriň ýene-de birnäçesine garaşylýar. Ýokary öndürijilikli tehnikalar gurnalyp we tehniki gözegçilikden geçirilenden soňra, bellenilen işlerde netijeli ulanylyp başlanar. Belläp geçmeli zat, kärhana öz işinde Niderlandlar Patyşalygynda öndürilen dünýä belli «Beaver» haryt nyşanly ýer gazyjy gämileri hem üstünlikli ulanýar.

Şeýle hem kärhananyň ygtyýaryna täze kuwwatly buldozerler, zynjyrly susguçly ekskawatorlar we dürli maksatlar üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň birnäçesi gelip gowuşdy. Häzirki wagtda welaýatyň hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanasynyň hünärmenleri täze zeýkeş-zeýakaba torlaryny gurmak we bar bolanlarynyň durkuny täzelemek işlerini alyp barýarlar. Döwletimiz tarapyndan yzygiderli berilýän ýöriteleşdirilen tehnikalar we ýokary hünärli işgärler arkaly kärhana sebitiň suw we ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý edýär. Bu bolsa ýerli agrosenagat toplumyny ösdürmäge we daşky gurşawy gorap saklamaga saldamly goşant goşýarlar.