Ï Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow Awstraliýanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow Awstraliýanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşdy

view-icon 144

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň Awstraliýanyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Jon Wilýam Giring bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Awstraliýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik dialogy berkitmek, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşler halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, Ýakyn Gündogardaky ýagdaýa deglip geçildi. Şunda sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Pursatdan peýdalanyp, Ilçi Jon Wilýam Giring Eýrandan gelýän Awstraliýanyň raýatlarynyň üstaşyr geçmegine beren goldawy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Awstraliýanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem berkitmäge gönükdirilen konstruktiw dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.