20.04.2026
1732
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.
20.04.2026
2764
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dalaşgärler üçin «Açyk gapylar» gününi geçirýärler
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri öňümizdäki 2026 – 2027-nji okuw ýylynda okuwa girmek isleýän ýurdumyzyň ýaşlary üçin «Açyk gapylar» gününi geçirmeklerini dowam edýärler.
20.04.2026
1271
Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ýüpekçileri üçin jogapkärli möwsüm başlandy
Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ýüpekçileri üçin jogapkärli möwsüm başlandy.
19.04.2026
903
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda gysga duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan özara meýillerini ýene-de bir gezek tassykladylar.
19.04.2026
914
Türkmenistan we Türkiýe hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlylygyny tassykladylar
2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Antalýa şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda gepleşikler geçirildi.
19.04.2026
777
Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Antalýa şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
19.04.2026
755
Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň çäklerinde duşuşdylar.
19.04.2026
756
Türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ukrainanyň Daşary işler ministri Andreý Sibiganyň arasynda duşuşyk geçirildi.
19.04.2026
519
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili bilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Antalýada geçirilýän 5-nji Diplomatik forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili Migel Anhel Moratinos bilen duşuşyk geçirdi.
19.04.2026
514
Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş sekretary bilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkiýe Respublikasyna saparynyň çäklerinde Antalýa şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş sekretary Adem Kula bilen duşuşdy.