Ï Ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat

view-icon 1

Awgust aýynyň ahyryna çenli Türkmenistanda howanyň temperaturasy gündizlerine +40 gradusa çenli yssy we gurak bolar. Muňa garamazdan, howa gijelerine salkyn bolar.

Aşgabatda açyk howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +31...+35 gradusdan +36...+39 gradusa çenli yssy, gijelerine bolsa +24 gradusdan +27 gradusa çenli maýyl bolar.

Ahal welaýatynda az bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +28...+33 gradusdan +35...+39 gradusa çenli yssy, gijelerine bolsa +24 gradusdan +26 gradusa çenli maýyl bolar.

Balkan welaýatynda az bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +36...+40 gradus yssy, gijelerine bolsa +29...+31 gradus maýyl bolar. Kenarýaka etraplarda bolsa +33...+38 gradus yssy bolar.

Mary welaýatynda açyk howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +30...+32 gradusdan +38...+40 gradusa çenli yssy, gijelerine bolsa +22 gradusdan +27 gradusa çenli maýyl bolar.

Lebap welaýatynda açyk howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +34...+36 gradusdan +38...+39 gradusa çenli yssy, gijelerine bolsa +20...+25 gradus maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda az bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy +33...+35 gradusdan +35...+38 gradusa çenli yssy, gijelerine bolsa +20...+24 gradus maýyl bolar.